Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 7:12 - Mukaddes Kitap

12 Olar şeýle diýýärdiler: «Omyn! Hudaýymyza öwgi, şan-şöhrat bolsun! Oňa paýhas, şükürler, hormat, gudrat we kuwwat ebedilik ýar bolsun! Omyn!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Олар шейле диййәрдилер: «Омын! Худайымыза өвги, шан-шөхрат болсун! Оңа пайхас, шүкүрлер, хормат, гудрат ве кувват эбедилик яр болсун! Омын!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 7:12
27 Iomraidhean Croise  

Çünki owaldan, Dawudyň we Asafyň günlerinde aýdymçylaryň ýolbaşçysy bardy. Hudaýa alkyş we şükür aýdymlary aýdylýardy.


Lewiler: Ýeşuwa, Binnuý, Kadmyýel, Şerebýa, Ýahuda we Matanýa öz doganlary bilen şükür edilende ýolbaşçylyk edýärdiler.


Ýürek azgynlygyndan daşda bolaryn, ýamanlyga şärik bolmaryn.


Ol buýurýar, buzlar ereýär, ýel ösdürip, suwlar akdyrýar.


Öz halas edişiňiň şatlygyny Sen maňa gaýtar, yhlasly ruh berip, maňa söýget bol.


Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!


Rebbe nagma aýdyň, Onuň adyna alkyşlar okaň, halas edýändigini günsaýyn buşlaň.


Reb Siona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.


şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar: ‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun! Çünki Reb ýagşydyr, sadyk söýgüsi bakydyr!’ Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.


Dünýädäki hemme milletler olara etjek ähli ýagşylyklarymy eşiderler. Bu şäher olaryň öňünde Meniň üçin at-abraý, şatlyk, öwgi hem şöhrat bolar. Ähli milletler Iýerusalimiň halkyna eden ýagşylyklarym we eçilen parahatlygym sebäpli gorkup titreşerler“.


Puç butlara sygynanlar öz wepalylygyny terk etdiler.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Hiç kim! Çünki bütin barlyk Hudaýdan bolup, Ol arkaly we Onuň üçindir! Oňa baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!


Eger sen Hudaýy öz kalbyňda şöhratlandyrsaň, seniň aýdýan zatlaryňa düşünmeýän adam şükürleriňe nädip «omyn» diýsin? Ol seniň aýdýanlaryňa düşünmeýär ahyryn.


Bularyň bary siziň üçin edilýär. Şeýdip Hudaýyň merhemeti köpden-köp adamlara ýetip, olaryň şükürlerini artdyrar we Hudaýyň şöhratyny has-da beýgelder.


Alkyşlar bilen dolup-daşyp, Mesihde kök uruň we bina ediliň, özüňize öwredilişi ýaly, imanda berk duruň.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Şonuň üçin Rebbimiz Isa Mesih arkaly ýeke-täk Halasgärimiz Hudaýa şan-şöhrat, güýç-gudrat, hökümdarlyk ezelden, häzir we baky ýar bolsun! Omyn.


Men diridirin. Ölüdim, ýöne, ine, indi ebedilik diridirin. Ölümiň-de, ölüler dünýäsiniň-de açary Mendedir.


Ýigrimi dört ýaşuly, dört mahluk ýüzin düşüp: «Omyn! Hudaýa şan-şöhrat bolsun!» diýip, tagtda oturan Hudaýa sežde etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan