Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 7:1 - Mukaddes Kitap

1 Şundan soň ýeriň dört burçunda duran dört perişdäni gördüm. Olar ýer ýüzüne, deňze ýa-da agaçlara öwüsmesin diýip, ýeriň dört tarapyndaky ýelleri saklap durdular.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Шундан соң ериң дөрт бурчунда дуран дөрт перишдәни гөрдүм. Олар ер йүзүне, деңзе я-да агачлара өвүсмесин дийип, ериң дөрт тарапындакы еллери саклап дурдулар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 7:1
23 Iomraidhean Croise  

Ol milletler üçin baýdak galdyrar, Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar, ýer ýüzüniň dört künjeginden, Ýahudanyň darganlaryny ýygnar.


Men – Reb onuň sakçysydyryn, ony her pursat suwarýaryn, hiç kim zyýan ýetirmesin diýip, gije-gündiz goraýaryn.


Reb Ysraýyla höküm etdi, kowup, sürgün etdi; olary gazaply demi bilen kowup çykardy, gündogardan öwüsýän ýel dek.


Asmanyň dört ujundan dört ýeli Eýlamyň başyndan inderip, olary bu ýelleriň çar tarapyna dargadaryn. Eýlamyň sürgün edilenleriniň aýak basmadyk ýurdy galmaz.


Onsoň Ol maňa nepese pygamberlik et, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, nepese aýt diýdi: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eý, nepes, şemal bolup, çar tarapdan öwüs-de, bu öldürilenleriň üstüne üfle, olar direlsinler“».


«Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Soňy geldi! Ýurduň dört künjeginiň soňy geldi!


Ýöne ýaňy güýçlenip, aýaga galan mahaly, onuň patyşalygy dargadylyp, gögüň çar tarapyna bölüner. Patyşalyk onuň nesline geçmez, onuň ýerine patyşa bolanlaryň hiç biri onuň ýaly höküm sürmez. Onuň patyşalygy köki bilen sogrulyp, öz neslinden bolmadyk başga birilerine berler.


Ol şeýle gürrüň berdi: «Men gije bir görnüş gördüm, ine, gögüň dört şemalynyň beýik deňze tarap tolkun atýandygyny gördüm.


Onsoň erkeç has güýçlendi, emma onuň güýji has beýgelende, onuň şol ýeke uly şahy döwüldi we onuň ýerine gögüň dört şemalyna garap duran dört sany göze ilginç şah peýda boldy.


Emma Reb deňze güýçli ýel iberdi; deňizde elhenç gaý turup, gämi çagşara geldi.


Men ýene-de seredip durkam, iki dagyň arasyndan çykyp gelýän dört söweş arabasyny gördüm. Ol daglar bürünçdendi.


Perişde: «Bular bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýan gögüň dört ruhudyr.


Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.


Şonda Ol perişdeleri ýollap, Öz saýlanlaryny çar tarapdan, ýeriň ujundan tä gögüň ujuna çenli ýygnar.


Ol çykyp, ýeriň dört künjegindäki halklary, ýagny gog-magoglary aldap, olary söweşe toplar. Toplananlaryň sany deňiz kenaryndaky çäge kimindir.


Onsoň men dört mahlugyň arasyndan göýä bir sesiň: «Uzakly gün işläp gazanjak haky diňe bir käse bugdaý bilen üç käse arpa ýetsin! Emma zeýtun we üzüm agaçlaryny zaýalama!» diýenini eşitdim.


«Biz Hudaýymyzyň gullarynyň maňlaýyna möhür basýançak, ýere, deňze we agaçlara zyýan ýetirmäň!»


Birinji perişde surnaýyny çaldy. Gan gatyşykly doly we ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, gök otlaryň bary ýanyp köýdi.


Bu ses eli surnaýly perişdä: «Beýik Ýewfrat derýasynyň boýunda daňylgy duran dört perişdäni boşat» diýdi.


Olara ýer ýüzüniň otuna, ösümligine ýa-da agajyna däl-de, diňe maňlaýynda Hudaýyň möhüri bolmadyk adamlara zyýan ýetirmek buýruldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan