Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 6:8 - Mukaddes Kitap

8 Görsem, ine, reňki solgun bir at dur. Onuň üstündäki atlynyň ady Ölümdi, onuň yzyndan ölüler dünýäsi gelýärdi. Olara ýeriň dörtden bir bölegine ygtyýar berlip, şol ýerdäki adamlary gylyç, açlyk, mergi, wagşy haýwanlar bilen öldürmäge rugsat edilipdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Гөрсем, ине, реңки солгун бир ат дур. Онуң үстүндәки атлының ады Өлүмди, онуң ызындан өлүлер дүнйәси гелйәрди. Олара ериң дөртден бир бөлегине ыгтыяр берлип, шол ердәки адамлары гылыч, ачлык, мерги, вагшы хайванлар билен өлдүрмәге ругсат эдилипди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 6:8
26 Iomraidhean Croise  

Onuň aýaklary ölüme, ädimleri ölüler dünýäsine tarapdyr.


Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr.


Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin».


Reb şeýle diýýär: „Men köp balykçylary ýollaryn, olary tutarlar. Ondan soňra Men köp awçylary ýollaryn. Her dagyň, her depäniň üstünden we her gaýanyň gowagyndan olary awlarlar.


Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Özlerine hem ata-babalaryna beren ýurdumdan doly ýok bolýançalar üstlerine gylyç, açlyk, mergi ibererin“».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olaryň üstüne gylyjy, açlygy, mergini ýollaryn. Olary iýip bolmaýan çüýrük injirler kimin ederin.


Ol gelip, Müsür ýurduny weýran eder. Ölüme höküm edilen ölüme, sürgüne höküm edilen sürgüne, gylyja höküm edilen hem gylyja berler.


Seniň özüňi we derýalaryňdaky ähli balyklary çöle taşlaryn. Sen açyk meýdanda heläk bolarsyň, ol ýerden ýygnalmarsyň we hiç kim saňa eýe çykmaz. Men seni ýabany haýwanlara we ýyrtyjy guşlara şam ederin.


Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn.


Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.


Baýlyk aldawçydyr. Baýlar tekepbirdirler, olarda ynjalyk bolmaz, ölüler dünýäsi ýaly açgözdirler, doýmazlar asla ölüm ýaly. Ähli milletleri ýanlaryna toplap, ähli halklary basyp alýarlar olar.


üçünji birine ak atlar, soňkusyna bolsa güýçli gyr atlar goşulandy.


Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň, sebäbi sende görkezilen gudratlar Sodomda görkezilen bolsady, onda ol şu güne çenli saklanyp galardy.


Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar.


«Eý, ölüm, hany seniň ýeňşiň? Eý, ölüm, hany seniň zäherli neşderiň?»


Men diridirin. Ölüdim, ýöne, ine, indi ebedilik diridirin. Ölümiň-de, ölüler dünýäsiniň-de açary Mendedir.


Ol gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen syryp, ýer ýüzüne zyňdy. Aždarha doguljak çagany bada-bat ýuwutmak üçin, burgusy tutýan aýalyň öňünde durdy.


Dört perişde boşadyldy. Olar şol ýyl, şol aý, şol gün, şol sagat üçin taýýarlanylyp, adamlaryň üçden birini öldürmäge niýetlenipdi.


Adamlaryň üçden biri olaryň agzyndan çykýan otdan, tüsseden we kükürtden – şu üç beladan öldi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan