7 Guzy dördünji möhüri döwende, dördünji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.
7 Гузы дөрдүнҗи мөхүри дөвенде, дөрдүнҗи махлугың хем: «Бәри чык!» диенини эшитдим.
Olar hem esgerler bilen gidip, mazaryň agzyndaky daşy möhürlediler-de, garawul goýup, mazary gorag astynda saklatdylar.
Birinji mahluk arslana, ikinji mahluk öküze meňzeýärdi. Üçünji mahlugyň ýüzi adamyň ýüzi ýalydy, dördünji mahluk uçup barýan bürgüde meňzeýärdi.
Onsoň men Guzynyň ýedi möhüriň birini döwenini gördüm. Şonda mahluklaryň biriniň gök gürrüldisi ýaly ses bilen «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.
Guzy ikinji möhüri döwende, ikinji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.
Guzy üçünji möhüri döwende, üçünji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim. Görsem, ine, bir gara at dur. Onuň üstündäki atlynyň elinde bir terezi bardy.