Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 6:4 - Mukaddes Kitap

4 Şonda ikinji bir at – gyzyl at çykdy. Adamlar biri-birini öldürer ýaly, şol atla ýer ýüzüni parahatlykdan mahrum etmäge ygtyýar berlendi. Oňa uly bir gylyç hem berildi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Шонда икинҗи бир ат – гызыл ат чыкды. Адамлар бири-бирини өлдүрер ялы, шол атла ер йүзүни парахатлыкдан махрум этмәге ыгтыяр берленди. Оңа улы бир гылыч хем берилди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 6:4
17 Iomraidhean Croise  

Huzurynyň ýalkymyndan ýaňa köreýän közlerdir doly böwsüp geçdi Onuň gara bulutlaryny.


Hudaýyň oňa beren beýikliginden ýaňa ähli halklar, milletler we uruglar ondan gorkup sandyraşýardylar. Ol islän adamyny öldürip, islän kişisini-de diri goýýardy. Halanyny beýgeldip, halanyny-da peseldýärdi.


Agşam jülgedäki mirt agaçlaryň arasynda duran bir dor atly adamy gördüm. Onuň ýeňsesinde dor, gyr hem-de ak atlar bardy.


Arabalaryň birine dor atlar, beýlekisine gara atlar,


Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmäň. Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim.


Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşidersiňiz. Hiç zatdan gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir.


Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi.


Soňra asmanda başga bir alamat peýda boldy. Bu ýedi kelleli, on şahly, kellelerinde ýedi täji bolan äpet gyzyl aždarhady.


Tussag edilmeli – tussag ediler, gylyçdan ölmeli – gylyçdan öler. Hudaýyň halkynyň gaýratlylygy we sadyklygy, ine, şu ýerde gerekdir.


Onsoň perişde meni Mukaddes Ruh arkaly çöle äkitdi. Men ol ýerde gyp-gyzyl jandaryň üstünde oturan bir aýaly gördüm. Bu jandaryň tutuş endamy Hudaýa dil ýetirýän atlardan doludy, onuň ýedi kellesi, on şahy bardy.


Onsoň aýalyň Hudaýyň halkynyň we Isanyň şaýatlarynyň ganyny içip, serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geň galdym.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan