Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 6:2 - Mukaddes Kitap

2 Görsem, ine, bir ak at dur. Onuň üstündäki atlynyň elinde ýaý bardy. Bu atlynyň başyna bir täç geýdirildi. Ol täze ýeňişlere taýyn ýeňiji kimin çykdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Гөрсем, ине, бир ак ат дур. Онуң үстүндәки атлының элинде яй барды. Бу атлының башына бир тәч гейдирилди. Ол тәзе еңишлере тайын еңиҗи кимин чыкды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 6:2
22 Iomraidhean Croise  

Beýikdir Rebbiň işleri, olary agtarýar bar muşdaklary.


Ýatlaýaryn, gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:


Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn! Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!


Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr.


Agşam jülgedäki mirt agaçlaryň arasynda duran bir dor atly adamy gördüm. Onuň ýeňsesinde dor, gyr hem-de ak atlar bardy.


Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.


Çünki Hudaý Isa Mesihiň ähli duşmanlaryny Onuň aýak astyna salýança, Mesih şalyk sürmelidir.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Milletler Saňa gaharlandylar. Indi Sen hem gazaba mündüň. Indi ölülere kazylyk etmegiň wagty geldi. Seniň gullaryň bolan pygamberleri, Öz halkyňy we Senden gorkýan uly-kiçi baryny sylaglamagyň wagty geldi. Ýeri harabalyga öwrenleri heläk etmegiň wagty geldi».


Onsoň görsem, ine, bir ak bulut bar. Buludyň üstünde ynsan ogluna meňzeş Biri otyrdy. Onuň başynda altyn täji, elinde hem ötgür oragy bardy.


Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


Nepis, ap-ak we tämiz zygyra beslenen gökdäki goşun ak atlara atlanyp, Onuň yzyndan gelýärdi.


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


Çekirtgeleriň görnüşi söweşe girjek bedewleriňkä meňzeýärdi. Olaryň başlarynda altyn täje meňzeş zat bardy, ýüzleri adamyňka meňzeýärdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan