Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 6:16 - Mukaddes Kitap

16 Olar daglara we gaýalara ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Biziň üstümize ýykylyň! Bizi tagtda Oturanyň ýüzünden, Guzynyň gazabyndan gizläň!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Олар даглара ве гаялара йүзленип, шейле дийдилер: «Бизиң үстүмизе йыкылың! Бизи тагтда Отураның йүзүнден, Гузының газабындан гизләң!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 6:16
21 Iomraidhean Croise  

öz puluny göterimine bermeýän, ýazyksyza garşy para almaýan. Şeýle ynsan asla yranmaz.


Rebbiň howpundan, Onuň şan-şöhratyndan gaýalarda bukulyň, toprak astynda gizleniň.


Bu pis kowumdan aman galanlaryň hemmesi dargadan ýerlerimde ýaşaýşy däl-de, ölümi saýlar». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Ysraýylyň günäsi bolan Awendäki seždegähler ýok ediler. Olaryň gurbanlyk sypalarynda ýandak hem gyzgan biter. Olar daglara: «Bizi örtüň!», baýyrlara: «Biziň depämize iniň!» diýerler.


Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi.


Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.


Şonda daglara: „Biziň depämize iniň!“, depelere: „Bizi örtüň!“ diýerler.


Ol gögi we gökdäkileri, ýeri we ýerdäkileri, deňzi we deňizdäkileri Ýaradanyň, baky ýaşaýan Hudaýyň adyndan ant içip, şeýle diýdi: «Indi gijikme bolmaz!


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


Şol pursadyň özünde meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Men gökde bir tagtyň duranyny, onuň üstünde-de Biriniň oturandygyny gördüm.


Tagtdan ýyldyrymlar çakýardy, batly sesler we gök gürrüldisi eşidilýärdi. Tagtyň öňünde ýedi çyra ýanyp durdy, bu Hudaýyň ýedi Ruhudy.


Mahluklar her gezek tagtda Oturany, baky ýaşaýan Hudaýy şöhratlandyryp, Oňa hormat bildirip, şükür edenlerinde,


Men tagtda Oturanyň sag elinde düýrlenen bir kagyz gördüm. Onuň iki tarapynda-da ýazgylar bolup, ýedi möhür bilen möhürlenendi.


Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.


Adamlar şol günlerde ölümi agtararlar, ýöne ony tapmazlar. Ölümi küýsärler, ýöne ölüm olardan gaçar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan