Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 6:1 - Mukaddes Kitap

1 Onsoň men Guzynyň ýedi möhüriň birini döwenini gördüm. Şonda mahluklaryň biriniň gök gürrüldisi ýaly ses bilen «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Онсоң мен Гузының еди мөхүриң бирини дөвенини гөрдүм. Шонда махлукларың бириниң гөк гүррүлдиси ялы сес билен «Бәри чык!» диенини эшитдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 6:1
17 Iomraidhean Croise  

Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Biz-ä görüp-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýip jogap berdiler.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Men gökden ägirt uly ummanyň güwwüldisi ýaly, güýçli gök gürrüldisiniň sesi ýaly bir ses eşitdim. Bu ses arfaçylaryň çalýan owazyna meňzeýärdi.


Soňra men bir uly mähelläniň sesine, ägirt uly ummanyň güwwüldisine, güýçli gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Çünki Rebbimiz Hökmürowan Hudaý hökmürowanlyk sürüp başlady!


Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.


Men tagtda Oturanyň sag elinde düýrlenen bir kagyz gördüm. Onuň iki tarapynda-da ýazgylar bolup, ýedi möhür bilen möhürlenendi.


Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy güýji hem-de baýlygy, paýhasy hem gudraty, hormaty hem şöhraty öwgüleri almaga mynasypdyr!» diýýärdiler.


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


Guzy ikinji möhüri döwende, ikinji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.


Guzy üçünji möhüri döwende, üçünji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim. Görsem, ine, bir gara at dur. Onuň üstündäki atlynyň elinde bir terezi bardy.


Guzy dördünji möhüri döwende, dördünji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.


Guzy ýedinji möhüri döwende, gökde ýarym sagada golaý ümsümlik boldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan