Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 5:8 - Mukaddes Kitap

8 Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Ол дүйрленен кагызы элине аланда, дөрт махлук ве йигрими дөрт яшулы Гузының өңүнде йүзин дүшүп, Оңа сежде этдилер. Оларың хер бириниң элинде арфа ве якымлы ыслы түтетгиден долы алтын кәсе барды. Бу якымлы ыслы түтетгилер Худайың халкының дога-дилеглеридир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 5:8
27 Iomraidhean Croise  

Onuň öňüne arz-halymy dökýärin, Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.


Ony surnaýlaryň sesi bilen şöhratlandyryň, arfada we lirada şöhratlandyryň!


Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn, Oňa öwgi elmydama agzymda bolar.


Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen, ýeňşi gazanmadylar gollary bilen – Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny; çünki Sen juda söýdüň olary.


Hudaý şeýle diýýär: «Haçana dek adalatsyz kazylyk edip, siz erbetlere tarapgöýlik etmekçi? Sela


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir.


Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsinler!» diýdi.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy.


Dört mahlugyň biri ýedi perişdä baky ýaşaýan Hudaýyň gazabyndan doly ýedi altyn käse berdi.


Ýigrimi dört ýaşuly, dört mahluk ýüzin düşüp: «Omyn! Hudaýa şan-şöhrat bolsun!» diýip, tagtda oturan Hudaýa sežde etdiler.


ýigrimi dört ýaşuly tagtda Oturanyň öňünde ýüzin düşüp, baky ýaşaýan Hudaýa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňünde goýup:


Tagtyň töwereginde ýene-de ýigrimi dört tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde ýaşulular otyrdy. Olaryň egninde ak lybaslary, başlarynda altyn täçleri bardy.


Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, çüýşeden ýasalan ýaly bir deňiz bardy. Tagtyň ortasynda we töwereginde dört sany mahluk bardy. Olaryň öňi-de, arkasy-da gözlerden doludy.


Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.


Onsoň men tagtyň, janly mahluklaryň hem-de ýaşulularyň töweregindäki perişdeleri gördüm we olaryň seslerini eşitdim. Olar sanardan köpdi, müňlerçe müňdi, on müňlerçe on müňdi.


Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy güýji hem-de baýlygy, paýhasy hem gudraty, hormaty hem şöhraty öwgüleri almaga mynasypdyr!» diýýärdiler.


Dört mahluk «Omyn!» diýýärdi, ýaşulular ýüzin düşüp, sežde edýärdiler.


Onsoň men damagy çalnan guza meňzeýän bir Guzyny gördüm. Guzy tagtyň ortasynda, dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda durdy. Guzynyň ýedi şahy bilen ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr.


Onsoň men Guzynyň ýedi möhüriň birini döwenini gördüm. Şonda mahluklaryň biriniň gök gürrüldisi ýaly ses bilen «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan