Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 5:5 - Mukaddes Kitap

5 Şonda ýaşulularyň biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda tiresinden, Dawudyň kökünden bolan Arslan üstün çykdy. Ol ýedi möhür bilen möhürlenen düýrlenen kagyzy açmagy başarar».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Шонда яшулуларың бири маңа шейле дийди: «Аглама! Ине, Яхуда тиресинден, Давудың көкүнден болан Арслан үстүн чыкды. Ол еди мөхүр билен мөхүрленен дүйрленен кагызы ачмагы башарар».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 5:5
25 Iomraidhean Croise  

Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy.


Tagtyň alty basgançagy we altyndan aýak kürsüsi oňa berkidilendi. Tagtyň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy.


Etiniň gatlary biri-birine ýapyşyp, endamynda berkän, ol gymyldamaýar.


Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer.


Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.


Reb şeýle diýýär: «Sesiňi agydan, gözleriňi ýaşdan sakla, çünki çekýän zähmetiňiň öwezi tölener, çagalaň duşman ýurdundan yzyna geler. Muny Reb aýdýandyr.


Men ol ýerde duranlaryň birine ýakynlaşyp, ondan bulara degişli ähli hakykaty soradym. Şeýdip, ol maňa bu zatlaryň ýorgudyny aýdyp berdi:


Ysraýyl edil arslan deý, ene şir deý ýatar. Kim ony turuzmaga milt eder? Çünki Ysraýyly ýalkan ýalkanar, näletlän näletlener».


Isa ol aýallara tarap öwrülip, şeýle diýdi: «Eý, Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglamaň. Özüňiz we çagalaryňyz üçin aglaň.


Reb Isa bu aýaly görüp, oňa ýüregi awady. Ol aýala: «Aglama!» diýdi.


Hemmeler aglaşyp, ýas tutup otyrdylar. Emma Isa: «Aglamaň, ol ölenok, uklap ýatyr» diýdi.


Olar ondan: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň?» diýip soradylar. Merýem olara: «Agamy mazardan çykaryp alyp gidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi.


Bu Hoş Habar Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdadyr. Ol ynsan tebigaty boýunça Dawudyň neslindendi.


Işaýa pygamberiň kitabynda hem şeýle ýazylgydyr: «Ýyşaýyň Köki peýda bolar, Ol halklara Hökümdar bolar, milletler Oňa umyt baglar».


Rebbimiz Isanyň ýahuda tiresindendigi hemmelere mälimdir we Musa bu tireden ruhanylaryň bolandygy barada hiç bir söz aýtmandyr.


Bu kitap Isa Mesihiň beren aýanlygydyr. Hudaý ýakyn wagtda bolmaly wakalary Öz bendelerine aýan etmek üçin, bu aýanlygy Isa Mesihe berdi. Isa Mesih hem ony Hudaýyň perişdesi arkaly Öz guly Ýohanna aýan etdi.


«Men, Isa Mesih, bu pygamberligi imanlylar ýygnagyna ýetirmek üçin Öz perişdämi size ýolladym. Men Dawudyň kökünden, ýagny onuň neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


ýigrimi dört ýaşuly tagtda Oturanyň öňünde ýüzin düşüp, baky ýaşaýan Hudaýa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňünde goýup:


Tagtyň töwereginde ýene-de ýigrimi dört tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde ýaşulular otyrdy. Olaryň egninde ak lybaslary, başlarynda altyn täçleri bardy.


Men ajy gözýaş döküp agladym, sebäbi düýrlenen kagyzy açyp, onuň içine seretmäge mynasyp hiç kim tapylmady.


Onsoň men Guzynyň ýedi möhüriň birini döwenini gördüm. Şonda mahluklaryň biriniň gök gürrüldisi ýaly ses bilen «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.


Onsoň ýaşululardan biri menden: «Bu ak lybasa beslenenler kim, nireden gelipdirler?» diýip sorady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan