Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Men tagtda Oturanyň sag elinde düýrlenen bir kagyz gördüm. Onuň iki tarapynda-da ýazgylar bolup, ýedi möhür bilen möhürlenendi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Мен тагтда Отураның саг элинде дүйрленен бир кагыз гөрдүм. Онуң ики тарапында-да язгылар болуп, еди мөхүр билен мөхүрлененди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 5:1
16 Iomraidhean Croise  

Ähli görnüş siziň üçin möhürli kitabyň sözleri kimindir. Ony okap bilýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris, ol möhürlenen» diýerler.


Rebbiň kitabyndan okap agtaryň: bulardan hijisi-de kem bolmaz, hiç biri öz jübütini ýitirmez. Muny Reb buýurdy, Onuň Ruhy olary üýşürdi.


Şägirtlerimiň arasynda şaýatlygy bagla, kanuny möhürle.


Agşam we ertir baradaky saňa görkezilen bu görnüş hakykatdyr. Emma bu görnüşi gizlin sakla, çünki ol uzak bir gelejege degişlidir».


Onsoň seredip durkam, uçup ýören bir ýazgyly kagyza gözüm düşdi.


Elinde açyk kitapça bardy. Ol sag aýagyny deňze, çep aýagyny bolsa ýeriň üstünde goýdy-da,


Tagtda Oturanyň keşbi ýaşma, hakyk daşlary kimin şöhle saçýardy, tagtyň töwereginde zümerret ýaly älemgoşar bardy.


Mahluklar her gezek tagtda Oturany, baky ýaşaýan Hudaýy şöhratlandyryp, Oňa hormat bildirip, şükür edenlerinde,


Onsoň gökdäki, ýer ýüzündäki, ýer astyndaky we deňizdäki her bir mahlugyň, älemdäki bar zadyň: «Tagtda Oturana we Guza baky öwgüler bolsun! Hormat, şöhrat we gudrat Olara baky ýar bolsun!» diýýänlerini eşitdim.


Guzy geldi-de, tagtda Oturanyň sag elinden düýrlenen kagyzy aldy.


Onsoň men Guzynyň ýedi möhüriň birini döwenini gördüm. Şonda mahluklaryň biriniň gök gürrüldisi ýaly ses bilen «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.


Olar daglara we gaýalara ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Biziň üstümize ýykylyň! Bizi tagtda Oturanyň ýüzünden, Guzynyň gazabyndan gizläň!


Guzy ýedinji möhüri döwende, gökde ýarym sagada golaý ümsümlik boldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan