Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 4:8 - Mukaddes Kitap

8 Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Бу дөрт махлугың херсиниң алты ганаты барды. Оларың хемме ери, хатда ганатларының ашагы-да гөзлерден дос-долуды. Олар гиҗе-гүндиз ызыны үзмән: «Хөкмүрован Реб Худай мукаддесдир, мукаддесдир, мукаддесдир, Ол гечмишде барды, хәзир хем бар, гелеҗекде хем болҗакдыр» – дийип гайталаярдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 4:8
42 Iomraidhean Croise  

Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Mezmur. Sabat güni üçin nagma.


Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Hudaý Musa: «Men Mendirin. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Siziň ýanyňyza ‘Mendirin’ iberdi“ diýip aýt» diýdi.


Perýat ediň, Rebbiň güni ýakyndyr! Ol Gudratygüýçli tarapyndan weýrançylyk deý geler.


Sionyň dogrulygy nur kimin, halas ediliş ýanyp duran çyra deý parlaýança, Sionyň hatyrasyna, Iýerusalimiň hatyrasyna dymmaryn.


Tigirleriň gurşawlary belent hem gorkunçdy; dördüsiniň-de gurşawlary tutuşlaýyn gözlerden doludy.


Buludyň ortasynda keşpleri ynsana meňzeş dört sany jandaryň duranyny gördüm.


Olaryň hersiniň dört ýüzi we dört ganaty bardy.


Bütin göwreleri, arkalary, elleri, ganatlary we tigirleri dördüsiniň-de tigirleri tutuşlygyna gözlerden doludy.


Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.


Şonuň üçin hüşgär boluň. Üç ýyllap gije-gündiz gözýaşlarym bilen her biriňize üznüksiz nesihat edenimi ýadyňyzda saklaň.


«Men size Ata bolaryn siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Eziz doganlarym! Biziň çeken agyr zähmetimiz, gören görgülerimiz ýadyňyzdadyr. Hoş Habary size wagyz eden döwrümizde hiç kime agram salmajak bolup, gije-gündiz işledik.


Ýaşaýyş ýörelgäňe we öwredýän taglymatyňa üns ber. Bu işleri erjellik bilen amal et. Şonda sen özüňi-de, diňleýjileriňi-de halas edersiň.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Isa Mesih düýn hem, bu gün hem, ebedilik Şoldur, Ol üýtgemeýändir.


Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga men Ýohannadan dogaýy salam! Ozal bolan, häzir hem bar, gelejekde hem boljak Hudaýyň, Onuň tagtynyň öňündäki Hudaýyň ýedi Ruhunyň merhemeti size ýar bolsun!


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


şeýle diýdi: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Sen häzir bar, geçmişde-de bolduň. Biz Saňa şükür edýäris. Çünki Sen beýik gudratyňa beslenip, şalyk sürüp başladyň.


Gynalmalarynyň tüssesi bolsa ebedi tütär. Jandara we onuň heýkeline sežde edenler ýa-da onuň adynyň tagmasyny basdyran adamlar ne gije, ne-de gündiz dynç alarlar».


Ýaňky bir ýüz kyrk dört müň adam tagtyň öňünde, dört mahlugyň we ýaşulularyň öňünde täze aýdym aýdýardylar. Tutuş adamzadyň arasyndan azat edilen bu bir ýüz kyrk dört müň adamdan başga hiç kim bu aýdymy öwrenip bilmeýärdi.


Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.


Dört mahlugyň biri ýedi perişdä baky ýaşaýan Hudaýyň gazabyndan doly ýedi altyn käse berdi.


Bular alamatlar görkezip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular Hökmürowan Hudaýyň beýik gününde boljak söweş üçin bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýarlar.


Men gurbanlyk sypasyndan bir sesiň: «Hawa, Reb Hökmürowan Hudaý, Seniň hökümleriň hakdyr, adyldyr» diýip jogap berenini eşitdim.


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


Ýigrimi dört ýaşuly, dört mahluk ýüzin düşüp: «Omyn! Hudaýa şan-şöhrat bolsun!» diýip, tagtda oturan Hudaýa sežde etdiler.


Men bu şäherde ybadathana görmedim. Çünki Hökmürowan Reb Hudaý we Guzy şäheriň ybadathanasydyr.


«Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Bu habar mukaddes we hakyky Bolandandyr. Ol Dawut açarynyň Eýesidir. Onuň açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmez. Onuň ýapan gapysyny hiç kim açyp bilmez. Ine, Ol şeýle diýýär:


Tagtyň töwereginde ýene-de ýigrimi dört tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde ýaşulular otyrdy. Olaryň egninde ak lybaslary, başlarynda altyn täçleri bardy.


Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, çüýşeden ýasalan ýaly bir deňiz bardy. Tagtyň ortasynda we töwereginde dört sany mahluk bardy. Olaryň öňi-de, arkasy-da gözlerden doludy.


Mahluklar her gezek tagtda Oturany, baky ýaşaýan Hudaýy şöhratlandyryp, Oňa hormat bildirip, şükür edenlerinde,


Onsoň men damagy çalnan guza meňzeýän bir Guzyny gördüm. Guzy tagtyň ortasynda, dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda durdy. Guzynyň ýedi şahy bilen ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr.


Onsoň men Guzynyň ýedi möhüriň birini döwenini gördüm. Şonda mahluklaryň biriniň gök gürrüldisi ýaly ses bilen «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.


Onsoň men dört mahlugyň arasyndan göýä bir sesiň: «Uzakly gün işläp gazanjak haky diňe bir käse bugdaý bilen üç käse arpa ýetsin! Emma zeýtun we üzüm agaçlaryny zaýalama!» diýenini eşitdim.


Tagtyň, ýaşulularyň we dört mahlugyň töweregindäki perişdeleriň ählisi ýüzin düşüp, Hudaýa sežde etdiler.


Şoňa görä, olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, gije-gündiz Onuň ybadathanasynda Oňa hyzmat edýärler. Tagtda Oturan olary Öz penasynda saklaýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan