Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 4:7 - Mukaddes Kitap

7 Birinji mahluk arslana, ikinji mahluk öküze meňzeýärdi. Üçünji mahlugyň ýüzi adamyň ýüzi ýalydy, dördünji mahluk uçup barýan bürgüde meňzeýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Биринҗи махлук арслана, икинҗи махлук өкүзе меңзейәрди. Үчүнҗи махлугың йүзи адамың йүзи ялыды, дөрдүнҗи махлук учуп барян бүргүде меңзейәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 4:7
20 Iomraidhean Croise  

Eý, oglum Ýahuda, sen aw awlap, awuny iýip, dolanyp gelen şir balasy kiminsiň, sen şir dek, ene şir dek çökýäň-de ýatýaň. Şiri ýerinden gozgamaga milt edýän ýokdur.


Söýgülidi, ezizdi Şawul bilen Ýonatan. Dirilikde, ölümde olar jyda düşmedi. Çalasyndylar bürgütden, güýçlüdiler arslandan.


Ýurt gozgalaň etse, serdary köpelýändir, aň-düşünjeli adam arkaly bolsa, abadanlyk dowam edýändir.


Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.


Olaryň dördüsiniň-de ýüz keşpleri şeýledi: öňde dördüsiniň-de ynsan ýüzi, sag tarapynda arslan ýüzi, çep tarapynda öküz ýüzi we yzda bürgüt ýüzi bardy.


Ganatlarynyň astyndan, dört gapdalyndan ynsan elleri çykyp durdy. Dördüsiniň-de ýüzleri we ganatlary şeýledi:


Olaryň her haýsynyň dört ýüzi bardy. Birinji ýüz kerup ýüzüne, ikinji ýüz ynsan, üçünji ýüz arslan, dördünji ýüz bolsa bürgüt ýüzüne meňzeýärdi.


Her haýsynyň dört ýüzi, dört ganaty bolup, ganatlarynyň aşagynda ynsan eline meňzeş bir zat bardy.


Birinjisi ýolbarsa meňzeýärdi we onda bürgüdiň ganatlary bardy. Men seredip durkam, onuň ganatlary goparylyp, ýerden galdy-da, ynsan ýaly iki aýagynyň üstünde durdy. Oňa ynsan ýüregi berildi.


Eger sen bürgüt deýin ýokary galsaň-da, höwürtgäňi ýyldyzlaryň arasynda goýsaň-da, ol ýerden Men seni aşak düşürerin!» Muny Reb aýdýandyr.


Seret, halk şir dek oýanyp, arslan deý ýerinden turýar! Ol indi awuny iýip doýýança, öldürenleriniň ganyndan ganýança köşeşmez».


Ysraýyl edil arslan deý, ene şir deý ýatar. Kim ony turuzmaga milt eder? Çünki Ysraýyly ýalkan ýalkanar, näletlän näletlener».


Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň.


Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.


Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, çüýşeden ýasalan ýaly bir deňiz bardy. Tagtyň ortasynda we töwereginde dört sany mahluk bardy. Olaryň öňi-de, arkasy-da gözlerden doludy.


Guzy ikinji möhüri döwende, ikinji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.


Guzy üçünji möhüri döwende, üçünji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim. Görsem, ine, bir gara at dur. Onuň üstündäki atlynyň elinde bir terezi bardy.


Guzy dördünji möhüri döwende, dördünji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan