Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 4:6 - Mukaddes Kitap

6 Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, çüýşeden ýasalan ýaly bir deňiz bardy. Tagtyň ortasynda we töwereginde dört sany mahluk bardy. Olaryň öňi-de, arkasy-da gözlerden doludy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Тагтың гаршысында булгур кимин дуры, чүйшеден ясалан ялы бир деңиз барды. Тагтың ортасында ве төверегинде дөрт саны махлук барды. Оларың өңи-де, аркасы-да гөзлерден долуды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 4:6
25 Iomraidhean Croise  

Soňra ol bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligini bäş tirsek edip, guýma bürünçden tegelek howuz ýasady. Onuň töweregi otuz tirsekdi.


Ne altyn, ne-de göwher oňa taý geler, ony sap altyn gaplara çalşyp bolmaz.


Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde hyzmat edýän aýallaryň ýüz görülýän aýnasyndan Besalel bürünçden legen ýasady we onuň durýan aýagyny hem bürünçden etdi.


Bütin göwreleri, arkalary, elleri, ganatlary we tigirleri dördüsiniň-de tigirleri tutuşlygyna gözlerden doludy.


Olaryň her haýsynyň dört ýüzi bardy. Birinji ýüz kerup ýüzüne, ikinji ýüz ynsan, üçünji ýüz arslan, dördünji ýüz bolsa bürgüt ýüzüne meňzeýärdi.


Ýaňky bir ýüz kyrk dört müň adam tagtyň öňünde, dört mahlugyň we ýaşulularyň öňünde täze aýdym aýdýardylar. Tutuş adamzadyň arasyndan azat edilen bu bir ýüz kyrk dört müň adamdan başga hiç kim bu aýdymy öwrenip bilmeýärdi.


Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy.


Dört mahlugyň biri ýedi perişdä baky ýaşaýan Hudaýyň gazabyndan doly ýedi altyn käse berdi.


Ýigrimi dört ýaşuly, dört mahluk ýüzin düşüp: «Omyn! Hudaýa şan-şöhrat bolsun!» diýip, tagtda oturan Hudaýa sežde etdiler.


Ol Hudaýyň şan-şöhratyndan dolup, bir juda gymmatbaha daş ýaly, buldurap duran ýaşma daşy ýaly parlaýardy.


Diwar ýaşma daşyndan gurlupdy. Şäheriň özi bolsa tegmiltsiz aýna ýaly sap altyndan bina edilipdi.


On iki derweze on iki dürden, ýagny her derweze bütewi bir dürden ýasalandy. Şäheriň şaýoly sap altyndan bolup, aýna ýaly ýalpyldaýardy.


Soňra perişde maňa aýna ýaly ýalpyldaýan derýany görkezdi. Bu derýada ýaşaýyş suwy akýardy. Ol Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykyp gaýdýardy.


Tagtyň töwereginde ýene-de ýigrimi dört tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde ýaşulular otyrdy. Olaryň egninde ak lybaslary, başlarynda altyn täçleri bardy.


Onsoň men tagtyň, janly mahluklaryň hem-de ýaşulularyň töweregindäki perişdeleri gördüm we olaryň seslerini eşitdim. Olar sanardan köpdi, müňlerçe müňdi, on müňlerçe on müňdi.


Dört mahluk «Omyn!» diýýärdi, ýaşulular ýüzin düşüp, sežde edýärdiler.


Onsoň men damagy çalnan guza meňzeýän bir Guzyny gördüm. Guzy tagtyň ortasynda, dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda durdy. Guzynyň ýedi şahy bilen ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr.


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


Onsoň men Guzynyň ýedi möhüriň birini döwenini gördüm. Şonda mahluklaryň biriniň gök gürrüldisi ýaly ses bilen «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.


Onsoň men dört mahlugyň arasyndan göýä bir sesiň: «Uzakly gün işläp gazanjak haky diňe bir käse bugdaý bilen üç käse arpa ýetsin! Emma zeýtun we üzüm agaçlaryny zaýalama!» diýenini eşitdim.


Tagtyň, ýaşulularyň we dört mahlugyň töweregindäki perişdeleriň ählisi ýüzin düşüp, Hudaýa sežde etdiler.


Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan