Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 4:5 - Mukaddes Kitap

5 Tagtdan ýyldyrymlar çakýardy, batly sesler we gök gürrüldisi eşidilýärdi. Tagtyň öňünde ýedi çyra ýanyp durdy, bu Hudaýyň ýedi Ruhudy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Тагтдан йылдырымлар чакярды, батлы сеслер ве гөк гүррүлдиси эшидилйәрди. Тагтың өңүнде еди чыра янып дурды, бу Худайың еди Рухуды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 4:5
24 Iomraidhean Croise  

Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe bolmagyň üçin, seni babyllylaryň Ur galasyndan çykaran Reb Mendirin» diýdi.


Goý, Ony şöhratlandyrsyn asman bilen ýer, deňizler we olardaky ähli jandarlar.


Birigün irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Galyň bulut dagyň üstüne geldi we şeýle bir batly sesli surnaý çalyndy. Düşelgedäki ähli adamlar gorkup titreşdiler.


Ähli ysraýyllar gök gürrüldisini, ýyldyrym çakyşyny we surnaýyň sesini eşidip, dagyň bolsa, tüsseleýändigini görüp, gorkudan ýaňa titreşdiler we uzakda durdular.


Çyradan üçin ýedi çyra dak. Çyralar çyradanyň öňüne ýagty saçar ýaly, olary onuň depesine dak.


Çyradana ýedi çyra dakdy. Onuň müçenegini we nowasyny sap altyndan ýasady.


Bu jandarlaryň görnüşi ýanyp duran oduň közlerini ýa-da şamçyraglary ýada salýardy; ot jandarlaryň ortasynda dyngysyz hereket edýärdi. Ot şöhle saçýardy we ondan ýyldyrym çykýardy.


Reb gümmürdeýär Siondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär. Emma Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.


Ol menden: «Näme görýäň?» diýip sorady. Men: «Guýma altyndan edilen çyradany görýärin; onuň depesinde ýag gaby, üstünde ýedi çyra, ýedi çyranyň her biriniň ýedi turbajygy bar.


«Şonda Gögüň Şalygyny çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyza meňzetse bolar.


Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


Olar uçguna meňzeş bir zatlaryň pytrap, öz üstlerine inendigini gördüler.


Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga men Ýohannadan dogaýy salam! Ozal bolan, häzir hem bar, gelejekde hem boljak Hudaýyň, Onuň tagtynyň öňündäki Hudaýyň ýedi Ruhunyň merhemeti size ýar bolsun!


arslanyň arryldysyna meňzeş batly ses bilen gygyrdy. Soňra ýedi gök gürrüldisi gürledi.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


«Sardisdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Hudaýa hyzmat edýän ýedi Ruhy Dolandyrýan, elinde ýedi ýyldyzy Saklaýan şeýle diýýär: „Men seniň ähli edenleriňi bilýärin. Sen diri hasaplansaň-da, ölüsiň.


Onsoň men damagy çalnan guza meňzeýän bir Guzyny gördüm. Guzy tagtyň ortasynda, dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda durdy. Guzynyň ýedi şahy bilen ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr.


Perişde gaby alyp, ony gurbanlyk sypasyndaky otdan doldurdy-da, ony gökden ýere zyňdy. Şonda gök gürläp, güňleç gürrüldi eşidildi, ýyldyrym çakyp, ýer titredi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan