Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 4:11 - Mukaddes Kitap

11 «Ýa Reb Hudaýymyz! Sen şöhrata, hormata we gudrata mynasypsyň. Hemme zady Sen ýaradansyň. Ählisi yradaňa görä döredildi we ýaradyldy» diýýärdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 «Я Реб Худайымыз! Сен шөхрата, хормата ве гудрата мынасыпсың. Хемме зады Сен ярадансың. Әхлиси ырадаңа гөрә дөредилди ве ярадылды» диййәрдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 4:11
31 Iomraidhean Croise  

Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy.


Men şan-şöhrata mynasyp Rebbi çagyrýaryn, hem-de duşmanlarymdan halas bolýaryn.


Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turuň we ezelden ebedä çenli bolan Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň! Ýa Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!»


Bilimimi dürli çeşmelerden toplap, Ýaradanymyň adyldygyny subut ederin.


Gün söz sözleýär ertirki güne, gije bilim berýär indiki gijä.


Çünki Reb mätäçleri eşidýär, Öz ýesir halkyny gözden salmaýar.


Çünki Reb ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli janly-jandarlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi aýratyn gün hökmünde ýalkady.


Reb ähli zady bir maksadyna döretdi, hatda erbedi hem ýaman gün üçin.


Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.


Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi? Reb – ebedi Hudaý, ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy. Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir, Onuň düşünjesine akyl ýetmez.


«Olara şeýle diý: „Gögi hem ýeri ýaratmadyk hudaýlar ýer ýüzünden we gögüň astyndan ýok bolarlar“».


«Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok.


«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň.


Älem-jahany we ondaky ähli zatlary ýaradan Hudaý ýeriň-gögüň Hökümdary bolup, Ol ynsan eli bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaýar.


Hiç kim! Çünki bütin barlyk Hudaýdan bolup, Ol arkaly we Onuň üçindir! Oňa baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!


Ähli zady ýaradan Hudaý geçmişden bäri bu syry Öz huzurynda gizlin saklady, bu syryň manysynyň nämedigini indi her bir ynsana äşgär etmeklik maňa berildi.


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


Ogla ýene-de şeýle diýýär: «Ýa Reb, Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň, gökler hem Seniň elleriňiň işidir.


Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi.


Ol gögi we gökdäkileri, ýeri we ýerdäkileri, deňzi we deňizdäkileri Ýaradanyň, baky ýaşaýan Hudaýyň adyndan ant içip, şeýle diýdi: «Indi gijikme bolmaz!


Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony beýgeldiň! Çünki Onuň kazylyk etjek sagady geldi! Ýeri, gögi, deňzi, suw gözbaşlaryny Ýaradana sežde ediň!»


Soňra men gökde uly mähelläniň sesine meňzeş batly sesler eşitdim. Olar: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Hudaý biziň Halasgärimizdir, şöhrat we gudrat Onuňkydyr.


Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy güýji hem-de baýlygy, paýhasy hem gudraty, hormaty hem şöhraty öwgüleri almaga mynasypdyr!» diýýärdiler.


Soňra güýçli bir perişdäni gördüm. Ol batly sesi bilen: «Düýrlenen kagyzyň möhürlerini döwmäge, ony açmaga kim mynasyp?» diýip soraýardy.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan