Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 4:1 - Mukaddes Kitap

1 Şondan soň gökde bir açyk gapyny gördüm. Ilkibaşda meniň bilen gepleşen, surnaýyň sesine meňzeýän ses maňa: «Ýokary çyk, Men saňa mundan soň bolmaly zatlary görkezeýin» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Шондан соң гөкде бир ачык гапыны гөрдүм. Илкибашда мениң билен геплешен, сурнайың сесине меңзейән сес маңа: «Ёкары чык, Мен саңа мундан соң болмалы затлары гөркезейин» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 4:1
21 Iomraidhean Croise  

Ine, Ýakubyň Müsüre öz tutuş hojalyklary bilen gelen ogullarynyň atlary:


Reb oňa: «Aşak düş-de, Haruny özüň bilen alyp gel, ýöne ruhanylar we adamlar Meniň ýanyma çykjak bolup, serhedi bozmasynlar, ýogsam, Men ol adamlary heläk ederin» diýdi.


Reb Musa: «Meniň ýanyma daga çykyp, ol ýerde garaş. Halka öwretmek üçin, Men saňa ýüzüne kanun we tabşyryklarym ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berjek» diýdi.


Çünki asylzadalaryň öňünde kiçelmegiňden, emeldaryň saňa: «Töre geç» diýmegi gowudyr. Gözüň gören zadyny


Kebar kanalynyň ýakasynda sürgün edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men Hudaýdan gelen görnüşleri gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy ýylynyň dördünji aýynyň bäşine boldy.


Isa suwa çümdürilip çykan badyna gökler açyldy. Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Isa suwdan çykyp gelýärkä, asmanyň ýarylanyny we Mukaddes Ruhuň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Ähli halk suwa çümdürilip çykarylandan soň, Isa-da çümdürilip çykaryldy. Ol Hudaýa doga edýärkä, gökler açylyp,


Emma Hakykat Ruhy gelen wagty sizi tutuş hakykata alyp gider. Ol Öz-Özünden geplemez, näme eşitse, şony geplär we geljek zatlary size aýan eder.


Ol gögüň açylyp, ullakan saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan aşak ýere sallanyp gelýänini gördi.


Stefan: «Serediň, men gökleriň açylanyny we Hudaýyň sagynda duran Ynsan Ogluny görýärin» diýdi.


Rebbiň gününde Oňa sežde edýärkäm, meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Onsoň men ýeňse tarapymda surnaýyňky ýaly güýçli bir ses eşitdim. Ol ses:


Men özüm bilen gepleşýäni görjek bolup, ses gelen tarapa öwrüldim. Öwrülenimde, ýedi altyn çyradany,


Ozalky, şu wagt görýänleriňi we mundan beýläk görjek zatlaryňyň baryny ýaz.


Iki pygamber gökden: «Bäri, ýokary çykyň!» diýýän batly sesi eşitdi. Onsoň olar duşmanlarynyň gözüniň alnynda bulutda göge galdylar.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Ýedinji perişde käsesini howa serpip goýberdi. Ybadathanadaky tagtdan: «Amala aşdy!» diýen batly bir ses eşidildi.


Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.


Perişde maňa şeýle diýdi: «Bu sözler ygtybarly we çyndyr! Pygamberlerini ylhamlandyrýan Reb Hudaý tiz wagtda boljak wakalary Öz bendelerine görkezmek üçin perişdesini ýollady».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan