Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 3:9 - Mukaddes Kitap

9 Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Мен шейтаның үйшмелеңини гелип, аягыңа йыкылмага меҗбур эдерин, олар сени сөййәндигими билерлер. Олар өзлерини яхуды сайсалар-да, олар асла яхуды дәл, олар ялан алдаярлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 3:9
13 Iomraidhean Croise  

Her welaýatda, her şäherde, patyşanyň tabşyrygynyň, permanynyň gowşan ähli ýerinde ýahudylar şatlanyp, begenip, toý-meýlis, baýram etdiler. Ýahudylardan gorkularyna ýurduň halklarynyň köpüsi ýahudylara goşuldylar.


Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Nazarymda eziz, gadyrly bolup, seni söýýändigim üçin, seniň öweziňe adamlar, halklar bererin janyňyň deregine.


Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“».


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar.


Men olardadyryn, Sen bolsa Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütewi birlikde bolsunlar.


„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.


Hawa, seniň aman galanlaryň: ‘Bir döwüm çörek taparym ýaly, maňa Öz ruhanylaryňyň arasyndan iş ber’ diýip, gara şaý ýa-da bir döwüm çörek üçin dyza çöküp, oňa ýalbararlar“».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan