Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 3:8 - Mukaddes Kitap

8 „Seniň ähli edenleriňi bilýärin. Ine, öňüňde bir gapyny açyp goýdum, ony hiç kim ýapyp bilmez. Güýjüňiň azdygyny hem bilýärin. Ýöne muňa garamazdan, Meniň sözümi berjaý etdiň, adymdan dänmediň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 „Сениң әхли эденлериңи билйәрин. Ине, өңүңде бир гапыны ачып гойдум, оны хич ким япып билмез. Гүйҗүңиң аздыгыны хем билйәрин. Йөне муңа гарамаздан, Мениң сөзүми берҗай этдиң, адымдан дәнмедиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 3:8
25 Iomraidhean Croise  

Ýeňlişe sezewar bolanlarynda, olara biraz kömek ediler. Köp adam ýaranjaňlyk bilen olara goşular.


Kim Meni adamlaryň öňünde ret etse, onuň özi-de Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ret ediler.


Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler.


Dünýäden Özüme beren adamlaryňa Seniň adyňy aýan etdim. Olar Seniňkidir we Sen olary Maňa berdiň, olar Seniň sözüňi berjaý etdiler.


Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler.


sebäbi maňa köp adamlaryň garşy çykýandygyna garamazdan, bu ýerde uly we netijeli işler üçin uly mümkinçilikler döredi.


Men Mesihiň Hoş Habaryny wagyz etmäge Troas şäherine baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açyldy.


Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.


Biziň üçin hem dileg ediň: Hudaýyň sözüni ýaýradyp, Mesih baradaky syry aýan eder ýaly, Onuň Özi bize gapy açyp bersin. Ine, şonuň üçinem men tussaglykdadyryn.


Kimde-kim öz dogan-garyndaşlarynyň, ylaýta-da öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, imandan dändigidir. Şeýle adam imansyzdan hem beterdir.


Men ökde söweşiji kimin söweşdim, pellehana ýetdim, imanyma sadyk galdym.


Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr.


„Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.


„Men seniň ähli edenleriňi, şol sanda zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň.


«Ine, Men tizara bararyn! Bu kitabyň pygamberlik sözlerini ýüreginde saklaýan bagtlydyr!»


«Sardisdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Hudaýa hyzmat edýän ýedi Ruhy Dolandyrýan, elinde ýedi ýyldyzy Saklaýan şeýle diýýär: „Men seniň ähli edenleriňi bilýärin. Sen diri hasaplansaň-da, ölüsiň.


Sen buýruklarymy berjaý edip, imanda berk durduň. Şoňa görä-de, ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny synamak üçin bütin dünýäniň üstünden injek synag pursadynda seni goraryn.


„Seniň ähli edenleriňi bilýärin, seniň ne sowuk, ne-de gyzgyndygyňy bilýärin. Wah, käşgä sowuk ýa gyzgyn bolsadyň!


«Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Bu habar mukaddes we hakyky Bolandandyr. Ol Dawut açarynyň Eýesidir. Onuň açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmez. Onuň ýapan gapysyny hiç kim açyp bilmez. Ine, Ol şeýle diýýär:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan