Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Ýamanlykdan üstün gelen hem ak lybasa beslener. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň we Onuň perişdeleriniň huzurynda adynyň bu kitapda ýazylandygyny tassyklaryn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Яманлыкдан үстүн гелен хем ак лыбаса бесленер. Мен онуң адыны яшайыш китабындан өчүрмерин, Атамың ве Онуң перишделериниң хузурында адының бу китапда языландыгыны тассыкларын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 3:5
23 Iomraidhean Croise  

Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meniň bellän günüm olar Meniňki bolar. Olar Meniň gymmatly halkym bolar. Atasynyň özüne hyzmat eden ogluna haýpy gelşi ýaly, Meniň hem olara haýpym geler.


Kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin.


Şeýle hem siz erbet ruhlaryň özüňize boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň gökde ýazylmagyna begeniň» diýdi.


Size şuny diýýärin: kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ykrar eder.


Indi Meni olary ýok etmekden saklama, çünki Men olary ýok edip, olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaýyn-da, senden olara görä has güýçli we has köp sanly halk döredeýin“ diýdi.


Eý, meniň sadyk ýoldaşym, saňa-da ýalbarýaryn: bu aýallara kömek et. Olar men, Klement we ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylan beýleki işdeşlerim bilen birlikde Hoş Habary ýaýratmakda tutanýerli işlediler.


Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Seniň gören jandaryň birwagtlar bardy, ýöne indi ýok. Emma soňra ol heläk bolmazyndan öň ölüler dünýäsinden çykar. Ýer ýüzüniň ilaty, ýagny dünýä ýaradylany bäri atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklar bu jandary görenlerinde haýran galarlar, sebäbi ol birwagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler.


Oňa beslenmäge nepis, parlak, päk zygyrdan lybas berildi». Bu lybas Hudaýyň halkynyň dogry işleridir.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelen ikinji ölümiň jebirlerine duçar bolmaz“».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».


Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.


Atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklaryň ählisi ýanyp duran köle zyňyldy.


Bu şähere hiç bir murdar zat, nejislik edýänleriň, ýalan sözleýänleriň hiç biri girmez. Oňa diňe Guzynyň ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylanlar girerler.


Kimde-kim bu kitabyň pygamberlik sözlerinden bir zady aýyrsa, Hudaý hem bu kitapda agzalýan ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmek we mukaddes şäherde ýaşamak hukugyndan ony mahrum eder.


Ýamanlykdan üstün geleni Hudaýymyň ybadathanasynyň diregi ederin. Ol şol ýerde baky galar. Men onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny we Hudaýymyň şäheriniň adyny ýazaryn. Bu şäher gökden, Hudaýymyň huzuryndan inýän täze Iýerusalimdir. Men onuň maňlaýyna Öz adymy hem ýazaryn.


Ýöne Sardisde öz lybasyny hapalamadyk birnäçe adam bar. Olar Meniň bilen ak lybaslara beslenip gezerler, sebäbi muňa mynasypdyrlar.


Şonda olara ak lybas berlip, ýene az salym sabyr etmelidigini aýtdylar. Çünki olaryň hataryna özleri ýaly öldüriljek ýoldaşlarynyň we doganlarynyň doly sany goşulmalydy.


Ysraýyllar: «Bu öňe çykyp durany görýäňizmi? Ol Ysraýyla gyjalat bermek üçin çykýar. Şony öldürene patyşa ummasyz baýlyk bilen birlikde gyzyny-da berjek, maşgalasyny bolsa Ysraýylda salgytdan boşatjak» diýişdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan