Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 3:3 - Mukaddes Kitap

3 Eşidenleriňi we öwrenenleriňi ýada sal, olary berjaý et-de toba gel. Oýanmasaň, bir ogry ýaly bararyn. Meniň haýsy sagatda üstüňe barjagymy-da bilmän galarsyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Эшиденлериңи ве өврененлериңи яда сал, олары берҗай эт-де тоба гел. Оянмасаң, бир огры ялы барарын. Мениң хайсы сагатда үстүңе барҗагымы-да билмән галарсың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 3:3
24 Iomraidhean Croise  

Onsoň siz erbet ýollaryňyzy, özüňizi haram eden ähli işleriňizi ol ýerde ýatlarsyňyz we eden ähli pislikleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Şonuň üçin hem oýa boluň, sebäbi siz Ynsan Oglunyň geljek anyk gününi we sagadyny bilmeýärsiňiz.


Hüşgär boluň, oýa boluň! Siz ol wagtyň haçan geljekdigini bilýän dälsiňiz.


Ol duýdansyz gelip, ukuda üstüňizi basaýmasyn.


Rebbiň güni bir ogrynyň gelşi ýaly geler, muny özüňiz-de bilýänsiňiz ahyryn.


Eý, Timoteos, özüňe ynanylyp berleni gora. Boş gürrüňlerden we «bilim» saýylýan gapma-garşy pikirlerden ýüz öwür.


Saňa öwreden dogry taglymatymy nusga hökmünde gaýym tutup, Isa Mesihiň berýän imanyna we söýgüsine eýer.


Şonuň üçin imandan dänmez ýaly, eşidenlerimize has köp üns bermelidiris.


Men şindi ýaşaýan wagtlaýyn çadyrymdan, ýagny bedenimden gidýänçäm, bulary ýadyňyza salmak bilen siziň aňyňyzy oýaryp durmagy dogry hasaplaýaryn.


Eý, söýgüli doganlar, indi size bu ikinji haty ýazýaryn. Bu iki hatymda-da sagdyn pikirli bolmalydygyňyzy ýatlatmak bilen düşünjäňizi oýarýaryn.


Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar.


«Ine, Men bir ogry kimin gelýärin! Oýa bolan bagtlydyr! Ýalaňaç gezmän, uýatlaryny görkezmän, eşiklerini egninde saklan bagtlydyr!»


Şonuň üçin, haýsy belentlikden ýykylanyňy ýadyňa sal! Toba et-de, ilkibaşda eden işleriňi amal et! Eger toba gelmeseň, ýanyňa baryp, çyradanyňy ýerinden aýraryn.


«Ine, Men tizara bararyn! Bu kitabyň pygamberlik sözlerini ýüreginde saklaýan bagtlydyr!»


Men basym bararyn. Täjiňi hiç kim almaz ýaly, imanda berk dur.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


Oýan! Özüňde galan we öljek bolup duran zatlary berkit. Sebäbi Hudaýyň nazarynda işleriňiň biri-de kämil däl eken.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan