Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 3:2 - Mukaddes Kitap

2 Oýan! Özüňde galan we öljek bolup duran zatlary berkit. Sebäbi Hudaýyň nazarynda işleriňiň biri-de kämil däl eken.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Оян! Өзүңде галан ве өлҗек болуп дуран затлары беркит. Себәби Худайың назарында ишлериңиң бири-де кәмил дәл экен.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 3:2
31 Iomraidhean Croise  

Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary onuň ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady.


Abyýam hem kakasynyň eden günälerini gaýtalady. Ol atasy Dawut ýaly Rebbe wepaly bolmady.


Amazýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi, ýöne bu çyn ýürekden däldi.


Sizi öz sözlerim bilen ruhlandyrardym, köşeşdiriji sözlerim derdiňizi ýeňlederdi.


Ejiz gollara gujur beriň, kuwwat beriň ejiz dyzlara.


Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler.


Dogrulygyňyzy, işleriňizi aýan ederin, nepi degmez bularyň size.


Ýiteni agtararyn, azaşany yzyna getirerin, ýaralynyň ýarasyny daňaryn we ejizi kuwwatlandyryp, semizi, güýçlini heläk ederin; olary adalatlylyk bilen bakaryn».


TEKEL sen terezide çekildiň we ýeňil çykdyň.


Men şu ýurda bir çopan goýjakdyryn, ol ölüm ýassygynda ýatanyň aladasyny etmez, ýiteni idemez, maýyby bejermez, sag adamyň garnyny doýurmaz. Gaýtam ol semizleriň etini iýip, toýnaklaryny goparar.


Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar.


Şonuň üçin hem oýa boluň, sebäbi siz Ynsan Oglunyň geljek anyk gününi we sagadyny bilmeýärsiňiz.


Şonda ýaňky gyzlaryň hemmesi oýanyp, çyralarynyň ýagyny düzetmäge başlaýarlar.


Ol ýerde birnäçe wagt bolandan soň, ýene ýola düşdi, Galatýa we Frikiýa ülkelerini aýlanyp, ähli şägirtleri imanda berkitdi.


Emma Ýeşuwa tabşyr, ony ruhlandyr we güýçlendir, sebäbi halka baş bolup, Iordandan geçjek we seniň görjek şol ýurduňy olara mülk edip paýlap berjek Ýeşuwadyr“ diýdi.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.


«Ine, Men bir ogry kimin gelýärin! Oýa bolan bagtlydyr! Ýalaňaç gezmän, uýatlaryny görkezmän, eşiklerini egninde saklan bagtlydyr!»


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň.


«Sardisdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Hudaýa hyzmat edýän ýedi Ruhy Dolandyrýan, elinde ýedi ýyldyzy Saklaýan şeýle diýýär: „Men seniň ähli edenleriňi bilýärin. Sen diri hasaplansaň-da, ölüsiň.


Eşidenleriňi we öwrenenleriňi ýada sal, olary berjaý et-de toba gel. Oýanmasaň, bir ogry ýaly bararyn. Meniň haýsy sagatda üstüňe barjagymy-da bilmän galarsyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan