Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 3:19 - Mukaddes Kitap

19 Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Мен Өз сөййәнлериме кәйәп, олары тербиелейәндирин. Шонуң үчин-де, ыхласлы бол, тоба эт!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 3:19
31 Iomraidhean Croise  

Men oňa Ata, ol bolsa Maňa ogul bolar. Günä gazanaýsa welin, ony atanyň ogluny taýak bilen jezalandyryşy ýaly, Men hem ony jezalandyraryn.


Gör, nähili bagtly Hudaýyň terbiýeleýäni! Gudratygüýçliniň temmisini ret etme.


Seniň dogrulygyňy ýüregimde men ýaşyrmadym; sadyklygyň, halas edişiň barada men gürrüň berdim; uly jemagatda söýgiňi, sadyklygyňy men gizlemedim.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Sekiz kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.


Kyrk ýyllap şu nesli Men ýigrenç saýdym. Diýdim: „Bu halkyň ýüregi Menden uzakdyr, Meniň ýollarymdan ýöreýän däldir“.


Dogry ýoly terk edýän berk jeza alar, terbiýäni ýigrenýän ölüme barar.


Öwüt-nesihaty tutmaýan öz janyny ýigrenýändir, öwüdi diňleýän bolsa düşünje gazanýar.


Çaganyň ýüreginde akmaklyk kök urýandyr, ýöne terbiýe taýagy ony akmaklykdan uzaklaşdyrýandyr.


Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Gazabyň bilen däl-de, adalatyň bilen, ýa Reb, meni terbiýele! Ýogsam meni hiç edersiň.


Perzentleriňize nähak temmi beren ekenim, barybir olar ýola gelmediler. Öz gylyjyňyz ýyrtyjy arslan deý pygamberleriňizi ýuwutdy.


Men seniň bilendirin, Men seni halas ederin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Saňa adalatly temmi bererin, emma jezasyz-da galdyrmaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Men Efraýymyň nalaýan sesini eşitdim: „Men baş öwredilmedik öküz ýalydym. Sen maňa terbiýe berdiň, men sapak aldym. Meni dogry ýola sal, ýola geleýin, çünki meniň Hudaýym Reb Sensiň.


Munuň üçin sen olara şeýle diý: „Bu özleriniň Hudaýy Rebbe gulak asmaýan, dogry ýola gelmeýän milletdir. Hiç kim hakykaty aýtmaýar, ol hakda dil hem ýarmaýar.


Ol söze gulak asmady, öwüt almady, Rebbe bil baglamady, Hudaýyna ýakynlaşmady.


Şonda ýaňky gyzlaryň hemmesi oýanyp, çyralarynyň ýagyny düzetmäge başlaýarlar.


Şonda Onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylardaky «Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürer» diýlen sözleri ýatladylar.


Yhlasyňyz gowşamasyn, Mukaddes Ruhuň berýän hyjuwy bilen Rebbe hyzmat ediň.


Reb bizi terbiýelemek üçin höküm edýändir. Ol muny biziň dünýä bilen birlikde höküm edilmezimiz üçin edýär.


Biz tanalsak-da, ret edilýäris; ajal ýakamyzdan tutsa-da, diridiris; jezalandyrylsak-da, öldürilen däldiris;


Hudaýdan bolan gynanjyň sizde edenlerini bir görüň! Ol sebäpli sizde nähili gaýrat, özüňizi päklemäge nähili yhlas döredi! Ol sizde, gör, nähili uly gahar, gorky, meni görmäge küýseg, yhlas we adalata bolan islegi oýardy. Siz bu meselede hemmetaraplaýyn müýnsüzdigiňizi subut etdiňiz.


Ýagşylyk üçin diňe men ýanyňyzdakam däl, eýsem hemişe yhlasly bolmak ýagşydyr.


Siz şuny ýüregiňizde saklaň, edil ata öz ogluny terbiýeleýşi ýaly, Hudaýyňyz Reb hem sizi terbiýeleýändir.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.


Şonuň üçin, haýsy belentlikden ýykylanyňy ýadyňa sal! Toba et-de, ilkibaşda eden işleriňi amal et! Eger toba gelmeseň, ýanyňa baryp, çyradanyňy ýerinden aýraryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan