Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 3:18 - Mukaddes Kitap

18 Gel, Men saňa maslahat bereýin: baýar ýaly, Menden otda arassalanan altyny satyn al; ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly, Menden ak egin-eşik satyn al; görüp biler ýaly, Menden gözüňe melhem satyn al.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Гел, Мен саңа маслахат берейин: баяр ялы, Менден отда арассаланан алтыны сатын ал; ялаңачлыгың айбыны өртер ялы, Менден ак эгин-эшик сатын ал; гөрүп билер ялы, Менден гөзүңе мелхем сатын ал.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 3:18
34 Iomraidhean Croise  

Berk gala kim meni elter? Meni Edoma kim alyp gider?


Ýagylardan ýaňa Senden pena gözleýänleri eliň bilen halas edýän Sen, ajaýyp sadyk söýgiňi görkez.


Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun; dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.


Gaýtam ähli maslahatymy ret etdiňiz, meniň käýinjimi duýmak islemediňiz.


Meniň maslahatymy kabul etmediler, ähli käýinjimi ýigrendiler.


Ahyr akylly bolaryň ýaly, nesihata gulak goý, öwüdi kabul et.


Hakykaty satyn al, ony satma. Danalygy, öwüdi, paýhasy hem satyn al.


Hudaýyň huzurynda patyşa sadyk boljakdygyňa ant içendigiň üçin, onuň tabşyryklaryny sakla.


Ýalaňaçlygyň aýan bolar, aýbyň açylar. Öç alaryn Men, hiç kimi aýamaryn».


Eý, teşneler, suwa geliň! Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň!


Men-de uýat ýeriň açylsyn diýip, etegiňi ýüzüňe çenli galdyraryn.


Topragyň astynda ýatanlaryň köpüsi oýanar: olaryň kimsi ebedi ýaşaýşa gowşar, kimsi ebedi utanja we ýigrenje duçar bolar.


Eý, Şapyr halky! Ýalaňaçlanyp, utanç içinde ötüň. Sawanan halky çadyryndan çykmasyn. Beýtesel halkynyň özi ýas tutýar, ondan size ýardam bolmaz.


Hökmürowan Reb: «Men seniň duşmanyňdyryn, eý, Ninewe halky!» diýýär. «Eşigiňi sypyryp, milletlere ýalaňaçlygyňy görkezerin, patyşalyklara aýbyňy açaryn.


Ol kümşi eredip saplaýan ýaly oturyp, Lewiniň neslini saplar, olary altyn-kümüş kimin eredip tämizlär. Şonda olar sadakalaryny Rebbe dogrulyk bilen hödür ederler.


«Gögüň Şalygy ekin meýdanynda gizlenen hazyna meňzeýändir. Bir adam ony tapyp alýar, soňra ony gaýtadan gizleýär we begenip baryp, ähli zadyny satýar-da, ýaňky ekin meýdany satyn alýar.


Emma akyllylar: „Ýok! Bize-de, size-de ýetmän durmasyn. Gowusy, gidiň-de, satyjylardan özüňize ýag satyn alyň“ diýýärler.


Özi üçin hazyna toplaýan, emma Hudaýyň nazarynda baý bolmadyk her bir adamyň soňy şeýle bolar».


Ýöne gökdäki mesgenimize beslenmänkäk pany çadyrymyzdan dynmaly bolaýsak-da, asla ýalaňaç bolmajakdygymyza gözümiz ýetýär.


Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.


Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işler, sahylyk we jomartlyk hazynasyny toplamagy buýur.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.


«Ine, Men bir ogry kimin gelýärin! Oýa bolan bagtlydyr! Ýalaňaç gezmän, uýatlaryny görkezmän, eşiklerini egninde saklan bagtlydyr!»


Oňa beslenmäge nepis, parlak, päk zygyrdan lybas berildi». Bu lybas Hudaýyň halkynyň dogry işleridir.


„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.


Sen: ‘Men baýdyryn, baýap, zada zar däldirin’ diýýärsiň. Aslynda welin nalajedeýin, betbagt, gedaý, kör we ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň!


Tagtyň töwereginde ýene-de ýigrimi dört tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde ýaşulular otyrdy. Olaryň egninde ak lybaslary, başlarynda altyn täçleri bardy.


Onsoň ýaşululardan biri menden: «Bu ak lybasa beslenenler kim, nireden gelipdirler?» diýip sorady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan