Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 3:17 - Mukaddes Kitap

17 Sen: ‘Men baýdyryn, baýap, zada zar däldirin’ diýýärsiň. Aslynda welin nalajedeýin, betbagt, gedaý, kör we ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Сен: ‘Мен байдырын, баяп, зада зар дәлдирин’ диййәрсиң. Аслында велин налаҗедейин, бетбагт, гедай, көр ве ялаңачдыгыңы билмейәрсиң!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 3:17
26 Iomraidhean Croise  

Olaryň gözleri açyldy we özleriniň ýalaňaçdyklaryny bildiler. Olar injir agajynyň ýapraklaryny biri-birine birleşdirip, özlerine örtgi edindiler.


Şeýlelikde, Reb halkyň üstünden betbagtçylyk inderdi, sebäbi olar Haruna göle ýasatdyrypdylar.


Biri bardyr, özüni baý görkezýändir, ýöne hiç zady ýok. Biri bardyr, özüni garyp görkezýändir, emma baýlygy köp.


Bendämden başga kim kör? Kim ýollan habarçym dek ker? Kim Maňa bagyş edilen dek kör? Ýa Rebbiň bendesi kimin kör?


Eý, bu döwrüň nesilleri, Rebbiň sözüne gulak goýuň. Men Ysraýyl üçin bir çöllük, boldummy tüm garaňky ýurt? Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin, barmarys ýanyňa gaýdyp’?


«Men baýadym – diýer Efraýym. – Özüm üçin gor topladym. Men näme iş edenem bolsam, hiç kim menden günä tapmaz».


Sürini satyn alanlar goýunlary soýýarlar, ýöne jezalaryny çekmeýärler. Goýunlary satýan adam olara: „Rebbe alkyş bolsun, sebäbi men baýadym“ diýýär. Çopanlaryň öz goýunlaryna haýpy gelmeýär.


«Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr.


Isa muny eşidip: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir.


Açlary näz-nygmatdan doýrup, baýlary bolsa boş gaýtardy.


Emma waý halyňyza, eý, baýlar! Çünki siz eýýäm teselliňizi alansyňyz.


Siz mamla, ýöne olar imansyzlygy zerarly döwüldi. Siz bolsa iman arkaly dursuňyz. Şoňa görä, gopbamsyramaň-da, gaýtam gorkuň.


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.


Wah, men bagtygarany diýsene! Ölüme eltýän bu bedenimden meni kim halas eder?


Kimde bu häsiýetler ýok bolsa, ol uzagy görýän däldir, hatda kördür, öňki günälerinden tämizlenendigini unudandyr.


«Ine, Men bir ogry kimin gelýärin! Oýa bolan bagtlydyr! Ýalaňaç gezmän, uýatlaryny görkezmän, eşiklerini egninde saklan bagtlydyr!»


„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.


Sen ne gyzgyn, ne-de sowuk, ýöne ýyly bolanyň üçin Men seni gusaryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan