Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 3:15 - Mukaddes Kitap

15 „Seniň ähli edenleriňi bilýärin, seniň ne sowuk, ne-de gyzgyndygyňy bilýärin. Wah, käşgä sowuk ýa gyzgyn bolsadyň!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 „Сениң әхли эденлериңи билйәрин, сениң не совук, не-де гызгындыгыңы билйәрин. Вах, кәшгә совук я гызгын болсадың!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 3:15
23 Iomraidhean Croise  

Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýdi: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmady.


Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.


Olaryň ýüregi ýalançylykdan doldy. Ýazyklaryna görä jeza alarlar. Reb olaryň gurbanlyk sypalaryny dargatjak, dikme daşlaryny syndyrjak.


Efraýym başga halklar bilen garyşýar. Efraýym bir ýüzi bişmedik petir ýalydyr.


Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir.


Ýaman işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar.


Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.


Yhlasyňyz gowşamasyn, Mukaddes Ruhuň berýän hyjuwy bilen Rebbe hyzmat ediň.


Kimde-kim Rebbi söýmeýän bolsa, goý, oňa nälet bolsun. Ýa Rebbimiz, gelsene!


Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.


Käşgä olar diňe şu pikirde bolup, Menden gorkup, ähli buýruklarymy hemişe saklasadylar, onda olar we olaryň çagalary hemişe eşretde ýaşardylar!


Men söýgiňiziň bilimde we ýiti düşbülikde bolelin dolup-daşmagyny Hudaýdan dileýärin.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Ol her bir edýän işinde durnuksyz hem ikigöwünlidir.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


„Men seniň ähli edenleriňi, şol sanda zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň.


«Sardisdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Hudaýa hyzmat edýän ýedi Ruhy Dolandyrýan, elinde ýedi ýyldyzy Saklaýan şeýle diýýär: „Men seniň ähli edenleriňi bilýärin. Sen diri hasaplansaň-da, ölüsiň.


Sen ne gyzgyn, ne-de sowuk, ýöne ýyly bolanyň üçin Men seni gusaryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan