Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 3:12 - Mukaddes Kitap

12 Ýamanlykdan üstün geleni Hudaýymyň ybadathanasynyň diregi ederin. Ol şol ýerde baky galar. Men onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny we Hudaýymyň şäheriniň adyny ýazaryn. Bu şäher gökden, Hudaýymyň huzuryndan inýän täze Iýerusalimdir. Men onuň maňlaýyna Öz adymy hem ýazaryn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Яманлыкдан үстүн гелени Худайымың ыбадатханасының диреги эдерин. Ол шол ерде бакы галар. Мен онуң маңлайына Худайымың адыны ве Худайымың шәхериниң адыны язарын. Бу шәхер гөкден, Худайымың хузурындан инйән тәзе Иерусалимдир. Мен онуң маңлайына Өз адымы хем язарын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 3:12
26 Iomraidhean Croise  

Ol sütünleri ybadathananyň eýwanynda dikdi. Ol günortada sütün dikip, onuň adyna Ýakin dakdy. Ol demirgazykda-da sütün dikip, onuň adyna Bowaz dakdy.


Ol halklary biziň golastymyza berdi, milletleri aýak astymyza çökerdi.


Ynsan doganynyň ebedi ýaşary ýaly, hem-de gabry görmezi ýaly, pul töläp, ony azatlyga çykaryp bilmez; onuň üçin Hudaýa töleg tölemez. Dogrudan-da, jan azatlygyny gazanma gymmat, muny hiç kim başaryp bilmez.


Seniň huzuryňa doga-dilegim barsyn, diňle meniň dat-perýadymy.


Milletler dogrulygyňy, patyşalar şöhratyňy görerler; Rebbiň Öz agzyndan çykan täze at bilen atlandyrylarsyň.


Adyňyzy Öz saýlanlaryma gargyş üçin galdyrarsyňyz. Hökmürowan Reb sizi ölüme höküm edip, başga at berer Öz bendelerine.


Ine, bu gün Men seni tutuş ýurduň garşysyna – Ýahuda patyşalaryna, onuň ýolbaşçylaryna, ruhanylaryna, ýurduň halkyna garşy berk gala, demir sütün we bürünç diwar etdim.


Eýwanyň uzynlygy ýigrimi tirsek, ini on iki tirsekdi; oňa çykar ýaly on basgançak bardy. Girelgäniň ikiýan gapdalynda sütünler bardy.


Şäheriň tutuş töweregi on sekiz müň tirsek bolar. Şol günden başlap, şäheriň ady «Reb ol ýerdedir» bolar.


Olar bir teňňe getirdiler. Isa olardan: «Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýip sorady. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler.


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan göge degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňe ýygnanan müňlerçe perişdeleriň huzuryna golaýlaşdyňyz.


çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýokdur, biz geljekki baky şähere garaşýarys.


Eziz balalar, siz bolsa Hudaýdansyňyz. Sizdäki Ruhuň dünýädäki ruhlardan üstündigi üçin, siz galp pygamberleri ýeňensiňiz.


Soňra men Sion dagynda Guzynyň duranyny gördüm. Onuň ýanynda bir ýüz kyrk dört müň adam durdy. Olaryň maňlaýynda Guzynyň we Onuň Atasynyň ady ýazylgydy.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelen ikinji ölümiň jebirlerine duçar bolmaz“».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


Olar Hudaýyň ýüzüni görerler, maňlaýlarynda Onuň ady bolar.


Ýamanlykdan üstün gelen hem ak lybasa beslener. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň we Onuň perişdeleriniň huzurynda adynyň bu kitapda ýazylandygyny tassyklaryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan