Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 22:9 - Mukaddes Kitap

9 Emma perişde maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen ýaly, pygamber doganlaryň we bu kitabyň pygamberlik sözlerini ýüreginde saklaýanlar ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Эмма перишде маңа шейле дийди: «Ёк, маңа сежде этме! Мен хем сен ялы, пыгамбер доганларың ве бу китабың пыгамберлик сөзлерини йүрегинде саклаянлар ялы Худайың бир гулудырын. Диңе Худая сежде эт!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 22:9
19 Iomraidhean Croise  

Sizi beýik gudrat we güýç bilen Müsür ýurdundan çykaran Rebbe sežde ediň, Onuň öňünde dyza çöküp, Oňa gurbanlyk beriň.


Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin».


Başga hudaýa sežde etmäň, sebäbi Gabanjaň atly Reb gabanjaň Hudaýdyr.


«Eger dyzyňa çöküp, maňa sežde etseň, bularyň baryny Saňa bereýin» diýdi.


Şonuň üçin Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar» diýdi.


Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi.


Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.


Bu kitap Isa Mesihiň beren aýanlygydyr. Hudaý ýakyn wagtda bolmaly wakalary Öz bendelerine aýan etmek üçin, bu aýanlygy Isa Mesihe berdi. Isa Mesih hem ony Hudaýyň perişdesi arkaly Öz guly Ýohanna aýan etdi.


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony beýgeldiň! Çünki Onuň kazylyk etjek sagady geldi! Ýeri, gögi, deňzi, suw gözbaşlaryny Ýaradana sežde ediň!»


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».


Onsoň ol maňa şeýle diýdi: «Bu kitabyň pygamberlik sözlerini gizlin saklama! Çünki olaryň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


Bu kitabyň pygamberlik sözlerini eşidýän her kese duýdurýaryn: kimde-kim bu sözlere bir zat goşsa, Hudaý hem onuň jezasyna bu kitapda agzalan belalary goşar.


«Ine, Men tizara bararyn! Bu kitabyň pygamberlik sözlerini ýüreginde saklaýan bagtlydyr!»


ýigrimi dört ýaşuly tagtda Oturanyň öňünde ýüzin düşüp, baky ýaşaýan Hudaýa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňünde goýup:


Bu belalardan aman galan adamlar şonda-da elleriniň pis işlerinden dänip, toba gelmediler. Olar jynlara, altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan we agaçdan ýasalyp, eşitmeýän, görmeýän, ýöremeýän butlara sežde etmeklerini bes etmediler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan