Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 22:4 - Mukaddes Kitap

4 Olar Hudaýyň ýüzüni görerler, maňlaýlarynda Onuň ady bolar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Олар Худайың йүзүни гөрерлер, маңлайларында Онуң ады болар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 22:4
18 Iomraidhean Croise  

Ynsan Hudaýdan dileg edýär, Hudaý ony kabul edýär, ol şatlyk bilen Hudaýyň huzuryna gelýär, Hudaý onuň dogruçyllygyny dikeldýär.


Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.


Dogry gurbanlyklary hödürläň, Rebbe bil baglaň.


Çünki pena tutunýan Hudaýym Sensiň. Sen näme üçin meni terk etdiň? Duşman meni gysan wagtynda, näme üçin gam-gussaly gezmeli?


Gözüňiz patyşany gözelliginde görer, uzaklara uzaýan ýurdy görer.


Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler.


Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».


Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Kalby päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler.


Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.


Eý, Ata, Seniň Maňa beren ynsanlaryň-da Meniň bilen bir ýerde bolmaklaryny isleýärin. Şeýle hem, goý, olar Meniň şöhratymy we Seniň Maňa beren şöhratyňy görsünler. Çünki Sen Meni dünýä ýaradylmazdan öň söýýärdiň.


Şindi ähli zady öçügsi aýnadan gören ýaly görýäris. Emma soňra ähli zady ýüzbe-ýüz göreris. Men şindi bölekleýin bilýärin, ýöne şonda Hudaýyň meni bilşi ýaly doly bilerin.


Hemmeler bilen oňşukly boluň. Halal ýaşamaga dyrjaşyň, ýogsa Rebbi görüp bilmersiňiz.


Soňra men Sion dagynda Guzynyň duranyny gördüm. Onuň ýanynda bir ýüz kyrk dört müň adam durdy. Olaryň maňlaýynda Guzynyň we Onuň Atasynyň ady ýazylgydy.


Ýamanlykdan üstün geleni Hudaýymyň ybadathanasynyň diregi ederin. Ol şol ýerde baky galar. Men onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny we Hudaýymyň şäheriniň adyny ýazaryn. Bu şäher gökden, Hudaýymyň huzuryndan inýän täze Iýerusalimdir. Men onuň maňlaýyna Öz adymy hem ýazaryn.


«Biz Hudaýymyzyň gullarynyň maňlaýyna möhür basýançak, ýere, deňze we agaçlara zyýan ýetirmäň!»


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan