Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 22:3 - Mukaddes Kitap

3 Bu şäherde indi asla nälet bolmaz. Hudaýyň we Guzynyň tagty bu şäherde bolar. Hudaýyň bendeleri Oňa hyzmat ederler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Бу шәхерде инди асла нәлет болмаз. Худайың ве Гузының тагты бу шәхерде болар. Худайың бенделери Оңа хызмат эдерлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 22:3
20 Iomraidhean Croise  

Olar her ädimimizi aňtap, gurşaýarlar daşymy, meni ýere urmak üçin peýleýärler pursady.


Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar.


Men olaryň arasynda mekan tutaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar.


Şäheriň tutuş töweregi on sekiz müň tirsek bolar. Şol günden başlap, şäheriň ady «Reb ol ýerdedir» bolar.


Iýerusalimde adamlar ýaşar, ol indiden beýläk ýok edilmez. Şäher howpsuz bolar.


Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy hem sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyk bolanyň üçin, indi beýik işleri saňa ynanaryn. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär.


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.


Eger Hudaý Ynsan Ogly arkaly şöhratlanan bolsa, Ony hem Öz şöhratyna şärik eder. Hawa, Ony şol pursadyň özünde şöhratlandyrar.


Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz.


Eý, Ata, Seniň Maňa beren ynsanlaryň-da Meniň bilen bir ýerde bolmaklaryny isleýärin. Şeýle hem, goý, olar Meniň şöhratymy we Seniň Maňa beren şöhratyňy görsünler. Çünki Sen Meni dünýä ýaradylmazdan öň söýýärdiň.


„Bu kanunlaryň sözlerini oňlamaýana, olary ýerine ýetirmeýäne nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Olar batly ses bilen gygyryp: «Tagtda oturan Hudaýymyz we Guzy biziň Halasgärimizdir» diýýärdiler.


Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan