Men şu hatymy size, Rimdäki doganlaryma ýazýaryn. Hudaý siziň hemmäňizi söýüp, sizi Özüniň halky bolmaga çagyrdy. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun!
Men Pawlusy myhman alyp, ýygnaklary öz öýünde geçirmäge mümkinçilik döreden Gaýus size salam ýollaýar. Şäheriň gaznaçysy Erast we doganymyz Kuwart size salam ýollaýar.
Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga men Ýohannadan dogaýy salam! Ozal bolan, häzir hem bar, gelejekde hem boljak Hudaýyň, Onuň tagtynyň öňündäki Hudaýyň ýedi Ruhunyň merhemeti size ýar bolsun!