Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 22:2 - Mukaddes Kitap

2 Şäheriň şaýolunyň ortasynda, derýanyň her kenarynda ýaşaýyş daragty ösüp otyrdy. Bu daragtlar her aýda miwe berip, ýylda on iki gezek hasyl getirýärdi. Daragtlaryň ýapraklary milletlere şypa berýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Шәхериң шаёлуның ортасында, деряның хер кенарында яшайыш дарагты өсүп отырды. Бу дарагтлар хер айда миве берип, йылда он ики гезек хасыл гетирйәрди. Дарагтларың япраклары миллетлере шыпа берйәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 22:2
20 Iomraidhean Croise  

Hudaýymyz Reb ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş daragty hem-de ýagşyny-ýamany saýgaryş daragty bardy.


Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär, saýlama bugdaýdan seni doýurýar.


Ýapyşanlar üçin ol durmuş daragtydyr. Ony gaýym tutanlar bagtlydyr.


Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Ýa Reb, maňa şypa ber, sagalaýyn. Meni halas et, halas bolaýyn, çünki öwgim diňe Sensiň.


Soňra ol adam meni öwrüp, Hudaýyň öýüniň girelgesine getirdi. Öýüň bosagasynyň aşagyndan gündogara tarap suw akýardy. Öý gündogara tarap bakýardy. Suw öýüň sag tarapyndan, gurbanlyk sypasynyň günortasyndan inýärdi.


Aşur bizi halas edip bilmez. Söweşe atlanmarys. Indi el bilen ýasan işimize „hudaýymyz“ diýmeris. Çünki ýetim Senden merhemet tapýar».


Şol gün Iýerusalimde suw joşar. Suwuň ýarysy gündogardaky deňze, ýarysy günbatardaky deňze akar. Bu gyşyna-da, tomsuna-da şeýle dowam eder.


Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».


On iki derweze on iki dürden, ýagny her derweze bütewi bir dürden ýasalandy. Şäheriň şaýoly sap altyndan bolup, aýna ýaly ýalpyldaýardy.


Halklar bu şäheriň nurunda gezerler. Dünýäniň şalary oňa öz şan-şöhratyny getirerler.


Soňra perişde maňa aýna ýaly ýalpyldaýan derýany görkezdi. Bu derýada ýaşaýyş suwy akýardy. Ol Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykyp gaýdýardy.


Öz lybaslaryny ýuwýanlar bagtlydyr! Olaryň ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge, şäher derwezesinden girmäge haklary bardyr.


Kimde-kim bu kitabyň pygamberlik sözlerinden bir zady aýyrsa, Hudaý hem bu kitapda agzalýan ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmek we mukaddes şäherde ýaşamak hukugyndan ony mahrum eder.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan