Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 22:19 - Mukaddes Kitap

19 Kimde-kim bu kitabyň pygamberlik sözlerinden bir zady aýyrsa, Hudaý hem bu kitapda agzalýan ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmek we mukaddes şäherde ýaşamak hukugyndan ony mahrum eder.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Кимде-ким бу китабың пыгамберлик сөзлеринден бир зады айырса, Худай хем бу китапда агзалян яшайыш дарагтының мивесинден иймек ве мукаддес шәхерде яшамак хукугындан оны махрум эдер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 22:19
24 Iomraidhean Croise  

Reb Musa: «Kimde-kim Maňa garşy günä etse, onuň adyny kitabymdan öçürip taşlaryn.


Onuň sözlerine hiç zat goşma, saňa käýinmesin, ýalançy çykaýma.


Waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Siz bilimiň açaryny alyp gitdiňiz. Özüňiz bu gapydan girmediňiz, girmek isleýänlere hem böwet bolduňyz».


Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem.


Siz meniň buýruklarymyň üstüne hiç zat goşmaly-da däl, ondan hiç zat aýyrmaly-da dälsiňiz. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen berýän buýruklaryny ýerine ýetiriň.


Bu pygamberlik sözlerini ýygnaga okap berýän bagtlydyr! Bu sözleri eşidip, olary ýerine ýetirýän bagtlydyr, çünki bu pygamberligiň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


Emma ybadathananyň daşky howlusyny hasaba alma, ony ölçeme, sebäbi ol başga milletlere berlendir. Olar mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelär.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Onsoň gökden bir ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Muny ýaz: „Mundan beýläk Rebbimize iman edip ölenler bagtlydyr!“» Ruh hem şeýle diýdi: «Hawa, olar çeken zähmetlerinden dynç alarlar, çeken zähmetleriniň rähnetini görerler».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelen ikinji ölümiň jebirlerine duçar bolmaz“».


Atamyň Maňa ygtyýar berşi ýaly, Men hem ýamanlykdan üstün çykana, Meniň yradamy ahyra çenli berjaý edene milletleriň üstünden ygtyýar bererin. Ol milletleri demir hasasy bilen dolandyrar; olary küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak eder. Men oňa daň ýyldyzyny hem bererin.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


Tagtda Oturan: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýdi. Soňra maňa: «Bulary ýaz, sebäbi bu sözler ygtybarly we çyndyr» diýdi.


«Ine, Men tizara bararyn! Her kese eden işlerine görä berjek sylaglarym ýanymdadyr!


Şäheriň şaýolunyň ortasynda, derýanyň her kenarynda ýaşaýyş daragty ösüp otyrdy. Bu daragtlar her aýda miwe berip, ýylda on iki gezek hasyl getirýärdi. Daragtlaryň ýapraklary milletlere şypa berýärdi.


«Ine, Men tizara bararyn! Bu kitabyň pygamberlik sözlerini ýüreginde saklaýan bagtlydyr!»


Ýamanlykdan üstün geleni Hudaýymyň ybadathanasynyň diregi ederin. Ol şol ýerde baky galar. Men onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny we Hudaýymyň şäheriniň adyny ýazaryn. Bu şäher gökden, Hudaýymyň huzuryndan inýän täze Iýerusalimdir. Men onuň maňlaýyna Öz adymy hem ýazaryn.


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan