Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 22:18 - Mukaddes Kitap

18 Bu kitabyň pygamberlik sözlerini eşidýän her kese duýdurýaryn: kimde-kim bu sözlere bir zat goşsa, Hudaý hem onuň jezasyna bu kitapda agzalan belalary goşar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Бу китабың пыгамберлик сөзлерини эшидйән хер кесе дуйдурярын: кимде-ким бу сөзлере бир зат гошса, Худай хем онуң җезасына бу китапда агзалан белалары гошар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 22:18
23 Iomraidhean Croise  

Onuň sözlerine hiç zat goşma, saňa käýinmesin, ýalançy çykaýma.


Şeýle betbagtçylyklardan soňam siz Maňa gulak asmasaňyz, onda Men size öňküden ýedi esse artyk jeza bererin.


Sizi kowalaýan bolmasa-da, gylyçdan gaçýan dek, biri-biriňize büdreşip ýykylarsyňyz, sizde duşmanlaryňyza garşy durmaga mejal galmaz.


Ol: «Gökdäki Atamyň ekmedik her bir ösümligi köki bilen sogrular.


Şonuň üçin Rebbiň adyndan size şuny buýurýaryn: mundan beýläk keseki milletler ýaly boş düşünjeler bilen ýaşamaň.


Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem.


Siz meniň buýruklarymyň üstüne hiç zat goşmaly-da däl, ondan hiç zat aýyrmaly-da dälsiňiz. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen berýän buýruklaryny ýerine ýetiriň.


şu tärde doganyňyza ahlaksyzlyk etmäň, ony aldamaň. Ozal size aýdyp, berk duýduryşymyz ýaly, şeýle günäleriň ählisi üçin Reb ynsanlary jezalandyrar.


Bu pygamberlik sözlerini ýygnaga okap berýän bagtlydyr! Bu sözleri eşidip, olary ýerine ýetirýän bagtlydyr, çünki bu pygamberligiň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


Şondan soň men gökde ýene bir uly we täsin alamat gördüm: gökde ýedi perişde, hersiniň elinde bolsa bir bela bardy. Bu belalar soňky belalar bolup, olar Hudaýyň gazabyny soňlaýardylar.


Ybadathanadan ýedi belany getirýän ýedi perişde çykdy. Olaryň egninde tämiz, ap-ak zygyr lybaslar, billerinde bolsa altyndan guşaklary bardy.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


Atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklaryň ählisi ýanyp duran köle zyňyldy.


Onsoň ol maňa şeýle diýdi: «Bu kitabyň pygamberlik sözlerini gizlin saklama! Çünki olaryň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


«Men, Isa Mesih, bu pygamberligi imanlylar ýygnagyna ýetirmek üçin Öz perişdämi size ýolladym. Men Dawudyň kökünden, ýagny onuň neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»


«Ine, Men tizara bararyn! Bu kitabyň pygamberlik sözlerini ýüreginde saklaýan bagtlydyr!»


Emma perişde maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen ýaly, pygamber doganlaryň we bu kitabyň pygamberlik sözlerini ýüreginde saklaýanlar ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et!»


«Laodikiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Sadyk we dogruçyl Şaýat, Hudaýyň ýaradanlarynyň Başy, Omyn diýip Atlandyrylýan şeýle diýýär:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan