Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 22:15 - Mukaddes Kitap

15 Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Эмма «итлер», ягны җадыгөйлер, зынахорлар, ганхорлар, бутпаразлар, яланы сөйүп, оны амал эдйәнлер – буларың бары шәхериң дашында галар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 22:15
29 Iomraidhean Croise  

Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapada şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi.


Ýalan dil Reb üçin nejislikdir, dogruçyllyk isleýänlerden bolsa Ol hoşaldyr.


Onuň öýi ölüler dünýäsiniň ýoludyr, ölüme inýändir.


Ýaşlygyňdan bäri ugrunda jan çeken jadygöýleriňdir gözbagçylaryň bilen gal, belki, olardan peýda görersiň, belki, olar bilen gorkuzarsyň!


Bularyň ikisi-de bir günde, duýdansyz başyňa geler: perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň. Gözbagçylar köpem bolsa, jadygöýleriň bolam bolsa, bularyň bary başyňa geler.


Emma siz, eý, jadygöýiň çagalary, zynagäriň, kemçiniň zürýatlary, golaýrak geliň!


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Mukaddes zady itlere bermäň. Dürleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň. Ýogsam olary aýaklary bilen depeläp, soňra özüňizi parçalaýmasynlar.


Emma Şalygyň mirasdüşeri bellenenler daşary, garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi.


Siziň haýsyňyz Maňa günä ýöňkäp bilersiňiz? Eger Men hakykaty aýdýan bolsam, onda näme üçin siz Maňa iman etmeýärsiňiz?


Onuň jadygöýligi köpden bäri hemmäni haýrana goýýardy, şonuň üçin ony dykgat bilen diňlärdiler.


Olaryň azgyn aýallykdan gazanan hakyny aýdylan sadakalaryň tölegi hökmünde Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getirmäň. Çünki bularyň ikisi hem Hudaýyňyz Reb üçin nejislikdir.


şol «itlerden», şol betkärlerden, şol pürçük «çapyjylardan» seresap boluň.


Ine, hut şu zatlar üçin Hudaýyň gahar-gazaby inýändir.


zynahorlar, biri-biri bilen ýatýan erkekler, gul söwdagärleri, ýalançylar, ähtiýalanlar, umuman, sagdyn taglymata garşy çykýanlaryň ählisi üçindigini bilýäris.


Çyralaryňyň yşygy indi ýagty saçmaz, öýlenýän ýigitdir gelniň sesi indi senden eşidilmez. Seniň täjirleriň dünýäniň beýik adamlarydy, seniň jadygöýligiň ähli milletleri ýoldan çykardy.


Bu şähere hiç bir murdar zat, nejislik edýänleriň, ýalan sözleýänleriň hiç biri girmez. Oňa diňe Guzynyň ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylanlar girerler.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan