Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 22:14 - Mukaddes Kitap

14 Öz lybaslaryny ýuwýanlar bagtlydyr! Olaryň ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge, şäher derwezesinden girmäge haklary bardyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Өз лыбасларыны ювянлар багтлыдыр! Оларың яшайыш дарагтының мивесинден иймәге, шәхер дервезесинден гирмәге хаклары бардыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 22:14
31 Iomraidhean Croise  

Hudaýymyz Reb ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş daragty hem-de ýagşyny-ýamany saýgaryş daragty bardy.


Hudaýymyz Reb: «Ine, adam ýagşyny-ýamany saýgaryp, Biziň Birimiz kimin boldy. Olar indi ýaşaýyş daragtyna el uzadyp, onuň miwesindenem iýip, ebedi ýaşaýmasynlar» diýdi.


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!


Adalatly hökümleriňe bolan küýsegim, elmydama pagyş-para edýär meniň ýüregim.


Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.


Garaşyp, bir müň üç ýüz otuz bäş güne ýeten adam nähili bagtly!


Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, goýunlar üçin gapy Mendirin.


Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar.


Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň.


Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.


Bu guýyny bize atamyz Ýakup berdi. Onuň özi-de, çagalary-da, mal-garalary-da bu guýudan suw içen. Eýsem sen şol atamyz Ýakupdan hem beýikmi?» diýdi.


Sünnetlilik-de, sünnetsizlik-de hiçdir. Iň esasy zat Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmekdir.


Öz azatlygyňyza seresaply çemeleşiň. Siziň azatlygyňyz ynsaby ejiz bolan doganlaryň büdremegine sebäp bolmasyn!


Imanly bolsa, aýalymyzy ýanymyz bilen äkitmäge hakymyz ýokmy? Petrus we beýleki resullar, Rebbimiz Isanyň inileri hem hut şeýle edýär ahyry.


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Oňa umyt baglaýan her bir adam Mesihiň päk bolşy ýaly, özüni päk saklar.


Hudaýy söýmek Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir. Onuň buýruklary bolsa agyr däldir.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».


Şäheriň uly we belent diwarlary, on iki derwezesi bardy. Her derwezäniň agzynda bir perişde bardy. Derwezelere ysraýyl halkynyň on iki tiresiniň ady ýazylgydy.


Bu şähere hiç bir murdar zat, nejislik edýänleriň, ýalan sözleýänleriň hiç biri girmez. Oňa diňe Guzynyň ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylanlar girerler.


Şäheriň şaýolunyň ortasynda, derýanyň her kenarynda ýaşaýyş daragty ösüp otyrdy. Bu daragtlar her aýda miwe berip, ýylda on iki gezek hasyl getirýärdi. Daragtlaryň ýapraklary milletlere şypa berýärdi.


«Ine, Men tizara bararyn! Bu kitabyň pygamberlik sözlerini ýüreginde saklaýan bagtlydyr!»


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan