Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 22:12 - Mukaddes Kitap

12 «Ine, Men tizara bararyn! Her kese eden işlerine görä berjek sylaglarym ýanymdadyr!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 «Ине, Мен тизара барарын! Хер кесе эден ишлерине гөрә берҗек сылагларым янымдадыр!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 22:12
19 Iomraidhean Croise  

Hudaý ynsanlaryň etmişlerini başlaryndan inderer, olara öz pälinden tapdyrar.


Rebbiň sesi kuwwatlydyr, Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr.


Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky öňündedir.


Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi: «Sion gyzyna şeýle diý: „Ine, Halasgäriň gelýär; Onuň sylagy ýanyndadyr“».


«Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn».


Golaýdyr Rebbiň höküm güni, golaýdyr, Ine, ýetip gelýändir ol. Hasratlydyr Rebbiň şol güni, batyr esger ajy perýat eder.


Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.


Hawa, her birimiz Hudaýyň öňünde özümiz üçin jogap bereris.


Eger onuň guran binasy oda çydasa, ol öz sylagyny alar.


Ekýäniň-de, suwarýanyň-da maksady birdir. Olaryň hersi öz çeken zähmetine görä sylaglanar.


Milletler Saňa gaharlandylar. Indi Sen hem gazaba mündüň. Indi ölülere kazylyk etmegiň wagty geldi. Seniň gullaryň bolan pygamberleri, Öz halkyňy we Senden gorkýan uly-kiçi baryny sylaglamagyň wagty geldi. Ýeri harabalyga öwrenleri heläk etmegiň wagty geldi».


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.


Bu wakalaryň Şaýady: «Hawa, Men tiz bararyn!» diýýär. Omyn! Ýa Rebbimiz Isa, gel!


«Ine, Men tizara bararyn! Bu kitabyň pygamberlik sözlerini ýüreginde saklaýan bagtlydyr!»


Men basym bararyn. Täjiňi hiç kim almaz ýaly, imanda berk dur.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan