Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 22:11 - Mukaddes Kitap

11 Goý, ýamanlyk edýän ýene ýamanlyk etsin, pislik edýän ýene pislik etsin. Dogry iş edýän ýene dogrulyk etsin, mukaddes öz mukaddesligini saklasyn».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Гой, яманлык эдйән ене яманлык этсин, пислик эдйән ене пислик этсин. Догры иш эдйән ене догрулык этсин, мукаддес өз мукаддеслигини сакласын».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 22:11
22 Iomraidhean Croise  

Dogruçyllar öz ýollaryny tutarlar, eli tämizleriň güýji artar.


Erbet öz ýamanlygyndan ýykylýar, dogruçyla bolsa ölümde hem pena garaşýar.


Ýöne dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy ýalydyr, gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr.


Gara bulut ýagyş ýagdyrýandyr. Günorta ýa demirgazyga tarap ýykylan agaç ýykylan ýerinde galar.


Emma Men seniň bilen gepleşip, diliňi açaryn we sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär!“ diýersiň. Goý, diňlän diňlesin, diňlemedik ýüz öwürsin, çünki olar bir pitneçi halkdyr».


Köpüsi günälerinden saplanar, köpüsi päklenip aklanar, emma ýaramaz adamlar şer işlerinden dönmezler. Ýaramaz adamlaryň hiç biri-de düşünmez, ýöne akylly adamlar düşünerler.


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, emma onda ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk sende asla miwe bitmesin!» diýdi. Injir agajy şol pursadyň özünde gurady.


Olar ýag satyn almaga giden wagty giýew gelýär. Taýýar duran gyzlar onuň bilen bile toýhana girenlerinden, gapy ýapylýar.


Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar.


Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.


Isa olara ýene: «Men gidip barýaryn; siz Meni gözlärsiňiz we günäňiziň içinde ölersiňiz. Siz Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz» diýdi.


Ol muny Öz huzuryna tegmiltsiz, ýygyrtsyz, birkemsiz, ýagny şöhratda mukaddes hem müýnsüz bir ajaýyp ýygnagy getirmek üçin etdi.


Indi bolsa Hudaý sizi Öz huzurynda mukaddes, müýnsüz hem aýypsyz etmek üçin, Mesihiň bedeniniň ölümi arkaly Özi bilen ýaraşdyrdy.


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr.


Ynsanlaryň üstüne gökden hersiniň agramy bir batmana golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar doly belasy üçin Hudaýa gargadylar, sebäbi bu bela diýseň aýylgançdy.


Bu şäherde indi asla nälet bolmaz. Hudaýyň we Guzynyň tagty bu şäherde bolar. Hudaýyň bendeleri Oňa hyzmat ederler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan