Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 22:10 - Mukaddes Kitap

10 Onsoň ol maňa şeýle diýdi: «Bu kitabyň pygamberlik sözlerini gizlin saklama! Çünki olaryň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Онсоң ол маңа шейле дийди: «Бу китабың пыгамберлик сөзлерини гизлин саклама! Чүнки оларың берҗай болмалы вагты голайдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 22:10
21 Iomraidhean Croise  

Perýat ediň, Rebbiň güni ýakyndyr! Ol Gudratygüýçli tarapyndan weýrançylyk deý geler.


Şägirtlerimiň arasynda şaýatlygy bagla, kanuny möhürle.


Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men bu nakyly ýok ederin, gaýdyp ony Ysraýylda nakyl edip aýtmazlar“. Ýene-de olara: „Günler ýakyndyr, ähli aýanlygyň amala aşmagynyň günleri ýakyndyr“ diý.


Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar».


Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýel, öz ýoluň bilen git. Bu sözler ahyrzamana çenli gizlin saklanyp möhürlener.


Agşam we ertir baradaky saňa görkezilen bu görnüş hakykatdyr. Emma bu görnüşi gizlin sakla, çünki ol uzak bir gelejege degişlidir».


Garaňkylykda size näme aýtsam, şony ýagtylykda aýdyň. Gulagyňyza pyşyrdanymy üçekden yglan ediň.


Şonuň üçin-de, biri-biriňizi söýüp ýaşaň, häzir zamananyň nähilidigini bilýänsiňiz. Ukudan oýanmaly sagadymyz gelip ýetdi, sebäbi biziň halas bolmaly pursadymyz Isa Mesihe iman eden wagtymyzdakydan has golaýlandyr.


Gije geçip, gündiz golaýlady. Şoňa görä tümlügiň işlerini goýbolsun edip, nuruň ýaraglaryny dakynalyň.


Özüňizi hiç kime hiç ýol bilen aldatmaň. Çünki köpler Hudaýa garşy baş galdyrar we ýok edilmeli bikanun adam peýda bolar. Ýöne bu zatlar amala aşýança, Rebbiň güni gelmez.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


Bu pygamberlik sözlerini ýygnaga okap berýän bagtlydyr! Bu sözleri eşidip, olary ýerine ýetirýän bagtlydyr, çünki bu pygamberligiň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


Bu ýedi gök gürrüldisi gürlände, men ýazmaga taýýarlandym. Ýöne gökden: «Ýedi gök gürrüldisiniň aýdanlaryny ýazma, ýöne möhürle! Goý, olar gizlin galsyn!» diýen bir ses eşitdim.


«Men, Isa Mesih, bu pygamberligi imanlylar ýygnagyna ýetirmek üçin Öz perişdämi size ýolladym. Men Dawudyň kökünden, ýagny onuň neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»


Bu kitabyň pygamberlik sözlerini eşidýän her kese duýdurýaryn: kimde-kim bu sözlere bir zat goşsa, Hudaý hem onuň jezasyna bu kitapda agzalan belalary goşar.


Bu wakalaryň Şaýady: «Hawa, Men tiz bararyn!» diýýär. Omyn! Ýa Rebbimiz Isa, gel!


«Ine, Men tizara bararyn! Bu kitabyň pygamberlik sözlerini ýüreginde saklaýan bagtlydyr!»


Emma perişde maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen ýaly, pygamber doganlaryň we bu kitabyň pygamberlik sözlerini ýüreginde saklaýanlar ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et!»


Men tagtda Oturanyň sag elinde düýrlenen bir kagyz gördüm. Onuň iki tarapynda-da ýazgylar bolup, ýedi möhür bilen möhürlenendi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan