Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 21:9 - Mukaddes Kitap

9 Soňra soňky ýedi bela bilen doldurylan ýedi käseli ýedi perişdäniň biri meniň ýanyma gelip: «Gel, men saňa gelni, Guza aýal boljagy görkezeýin» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Соңра соңкы еди бела билен долдурылан еди кәсели еди перишдәниң бири мениң яныма гелип: «Гел, мен саңа гелни, Гуза аял болҗагы гөркезейин» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 21:9
10 Iomraidhean Croise  

Bu kitap Isa Mesihiň beren aýanlygydyr. Hudaý ýakyn wagtda bolmaly wakalary Öz bendelerine aýan etmek üçin, bu aýanlygy Isa Mesihe berdi. Isa Mesih hem ony Hudaýyň perişdesi arkaly Öz guly Ýohanna aýan etdi.


Eli käseli ýedi perişdäniň biri gelip, maňa şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň üstünden hökmürowanlyk ýöredýän uly lolynyň jezasyny görkezeýin.


Geliň, begeneliň hem şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Çünki Guzynyň toýy başlanýar, Onuň gelinligi hem taýýar bolup dur:


Perişde şäheriň diwaryny-da ölçedi. Diwaryň beýikligi ýüz kyrk dört tirsek çykdy. Perişde bulary ölçände, ynsanlaryň ulanýan ölçegini ulandy.


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


Soňra perişde maňa aýna ýaly ýalpyldaýan derýany görkezdi. Bu derýada ýaşaýyş suwy akýardy. Ol Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykyp gaýdýardy.


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


Perişde maňa şeýle diýdi: «Bu sözler ygtybarly we çyndyr! Pygamberlerini ylhamlandyrýan Reb Hudaý tiz wagtda boljak wakalary Öz bendelerine görkezmek üçin perişdesini ýollady».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan