Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 21:8 - Mukaddes Kitap

8 Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Эмма горкагың, имансызың, кеззабың, ганхорың, зынахорың, җадыгөйүң, бутпаразың ве хемме яланчыларың – әхлисиниң пайына янян күкүртли от көли дүшер. Икинҗи өлүм, ине, будур».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 21:8
39 Iomraidhean Croise  

Galp şaýat jezasyz galmaz, ýalan sözleýänem gaçyp gutulmaz.


Galp şaýat jezasyz galmaz, ýalan sözleýän hem heläk bolar.


«Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?


Meni aldap, ýatlamazyňyz ýaly, ýüregiňizde Maňa ýer bermeziňiz ýaly, kimden eýmendiňiz, kimden gorkduňyz? Uzak wagtlap dymandygym sebäpli Menden gorkmaýarsyňyzmy siz?


Ýaşulular hem at-abraýly adamlar-a başdyr, ýalan zady öwredýän pygamberler bolsa guýrukdyr.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Şonuň üçin men gorkdum, gidip, beren bir çuwal puluňy ýere gömüp gizledim, ine, puluňy al!“ diýýär.


Isa olara: «Nämä gorkýarsyňyz, eý, imany azlar?!» diýdi. Soňra Ol ýerinden turup, ýele we köle käýedi welin, ol ýere doly ümsümlik aralaşdy.


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Baştutanlar sözlerini dowam etdirip: „Araňyzda gorkýanyňyz ýa-da towşan ýürekliňiz bar bolsa, goý, ol hem öýüne gaýtsyn, ýogsam ol ýoldaşlaryny-da özi ýaly towşan ýürek eder“ diýsinler.


Bikanun adam gelende şeýtanyň güýji arkaly her hili ýalan gudratlary, alamatlary we mugjyzalary görkezer.


Bu taglymatlar ynsaplaryny ýuwudan ikiýüzli ýalançylar tarapyndan ýaýradylýar.


Olar Hudaýy tanaýarys diýseler-de, edýän işlerinde Ony ret edýändirler. Olar nejis, boýunegmezek bolup, ýagşylyk etmäniň nämedigini-de bilmeýärler.


Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.


Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.


Onda ýalançy kim? Isanyň Mesihdigini inkär edýän adam ýalançydyr. Ol Mesihiň duşmanydyr! Ol Atany-da, Ogly-da inkär edýär.


Doganyny ýigrenýän adam ganhordyr. Hiç bir ganhoryň bolsa baky ýaşaýşa gowuşmaýandygyny bilýänsiňiz.


Hudaýyň Ogluna iman edýände Hudaýyň şaýatlygy bardyr. Kim Hudaýyň Öz Ogly baradaky şaýatlygyna ynanmaýan bolsa, ol Hudaýy ýalançy çykaryp, Oňa iman edýän däldir.


Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelen ikinji ölümiň jebirlerine duçar bolmaz“».


„Men seniň ähli edenleriňi, şol sanda zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň.


Bu şähere hiç bir murdar zat, nejislik edýänleriň, ýalan sözleýänleriň hiç biri girmez. Oňa diňe Guzynyň ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylanlar girerler.


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


Görnüşimde gören atlarymyň we olaryň üstündäkileriň görnüşi şeýledi: atlylaryň sowutlary ot ýaly gyzyl, goýy gök we kükürt ýaly sarydy; atlaryň kellesi arslanyňka meňzeýärdi, agyzlaryndan ot, tüsse we kükürt çykýardy.


Olar ganhorlyklaryndan, jadygöýliklerinden, azgynlyklaryndan we ogurlyklaryndan dänmediler, toba gelmediler.


Sen halka eşitdirip: „Kim gorkak we ýygra bolsa, Gilgat daglaryndan yzyna dolansyn“ diýip jar et» diýdi. Gidegon olary synagdan geçirdi. Ýigrimi iki müň adam yzyna gaýtdy. On müň adam şol ýerde galdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan