Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 21:5 - Mukaddes Kitap

5 Tagtda Oturan: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýdi. Soňra maňa: «Bulary ýaz, sebäbi bu sözler ygtybarly we çyndyr» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Тагтда Отуран: «Ине, әхли зады тәзелейәрин» дийди. Соңра маңа: «Булары яз, себәби бу сөзлер ыгтыбарлы ве чындыр» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 21:5
14 Iomraidhean Croise  

Ine, öňki zatlar amala aşdy, Men täze zatlary yglan edýärin; ýüze çykmazdan öň olary size aýan edýärin».


Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin.


Täze şerap täze meşiklere guýulmalydyr.


Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!


«Ýene bir gezek» diýen söz titräýjek zatlaryň, ýagny ýaradylan zatlaryň aradan aýryljakdygyny, yranmaz zatlaryň ebedi galjakdygyny aňladýar.


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


Ozalky, şu wagt görýänleriňi we mundan beýläk görjek zatlaryňyň baryny ýaz.


Onsoň perişde maňa şeýle diýdi: «Şulary ýaz: Guzynyň nika toýuna çagyrylanlar bagtlydyr!» Ol sözüni dowam edip: «Ine, bular Hudaýyň hakyky sözleridir» diýdi.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


Kimde-kim bu kitabyň pygamberlik sözlerinden bir zady aýyrsa, Hudaý hem bu kitapda agzalýan ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmek we mukaddes şäherde ýaşamak hukugyndan ony mahrum eder.


Perişde maňa şeýle diýdi: «Bu sözler ygtybarly we çyndyr! Pygamberlerini ylhamlandyrýan Reb Hudaý tiz wagtda boljak wakalary Öz bendelerine görkezmek üçin perişdesini ýollady».


Şol pursadyň özünde meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Men gökde bir tagtyň duranyny, onuň üstünde-de Biriniň oturandygyny gördüm.


Mahluklar her gezek tagtda Oturany, baky ýaşaýan Hudaýy şöhratlandyryp, Oňa hormat bildirip, şükür edenlerinde,


Men tagtda Oturanyň sag elinde düýrlenen bir kagyz gördüm. Onuň iki tarapynda-da ýazgylar bolup, ýedi möhür bilen möhürlenendi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan