Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 21:23 - Mukaddes Kitap

23 Şäheri ýagtylandyrmak üçin Gün ýa-da Aý gerek däl. Çünki şäheri Hudaýyň şöhraty ýagtylandyrýar, Guzy hem onuň çyrasydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Шәхери ягтыландырмак үчин Гүн я-да Ай герек дәл. Чүнки шәхери Худайың шөхраты ягтыландыряр, Гузы хем онуң чырасыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 21:23
25 Iomraidhean Croise  

Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.


Rebbiň howpundan, Onuň şan-şöhratyndan gaýalarda bukulyň, toprak astynda gizleniň.


Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler.


Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler.


Aýyň ýüzi gyzarar, Gün utanar; Hökmürowan Reb Sion dagynda, Iýerusalimde höküm sürer, Ýaşulularynyň öňünde Öz şöhratyny görkezer.


Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap, Öz ýetiren şikesine şypa beren güni, Aýyň nury Günüň nury dek, Günüň nury ýedi Günüň nury dek, ýedi esse artyk bolar.


Hudaý Teýmandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.


Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.


Bu biwepa, günäkär nesliň arasynda kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Atasynyň şöhratynda mukaddes perişdeleri bilen gelen mahaly ondan utanar».


Keseki milletlere aýanlyk berjek, halkyň ysraýyly şöhratlandyrjak nury gördüm».


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly tanatdy.


Söz ýaşaýyş çeşmesidir, bu ýaşaýyş ynsanlaryň Nury boldy.


Her bir ynsany nurlandyrýan hakyky Nur dünýä geldi.


Eý, Ata, Seniň Maňa beren ynsanlaryň-da Meniň bilen bir ýerde bolmaklaryny isleýärin. Şeýle hem, goý, olar Meniň şöhratymy we Seniň Maňa beren şöhratyňy görsünler. Çünki Sen Meni dünýä ýaradylmazdan öň söýýärdiň.


Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir.


Ýaňky nuruň ýalkymyndan ýaňa gözlerim kör boldy. Şonuň üçin ýanymdaky ýoldaşlarym Damaska meni idip äkitdiler.


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


Mundan soň men gökden inip gelýän başga bir perişdäni gördüm. Onuň uly ygtyýary bolup, şöhraty bütin dünýä nur saçdy.


Ol Hudaýyň şan-şöhratyndan dolup, bir juda gymmatbaha daş ýaly, buldurap duran ýaşma daşy ýaly parlaýardy.


Şäheriň derwezeleri uzakly gün açyk bolar, olar gulplanmaz, sebäbi ol ýerde gije bolmaz.


Şäherde gije asla bolmaz. Ne çyranyň yşygy, ne-de günüň nury gerek bolar, sebäbi Reb Hudaý olara nur saçar. Olar ebedilik şalyk sürerler.


Onsoň men damagy çalnan guza meňzeýän bir Guzyny gördüm. Guzy tagtyň ortasynda, dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda durdy. Guzynyň ýedi şahy bilen ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr.


Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan