Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 21:22 - Mukaddes Kitap

22 Men bu şäherde ybadathana görmedim. Çünki Hökmürowan Reb Hudaý we Guzy şäheriň ybadathanasydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Мен бу шәхерде ыбадатхана гөрмедим. Чүнки Хөкмүрован Реб Худай ве Гузы шәхериң ыбадатханасыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 21:22
25 Iomraidhean Croise  

Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!


Emma Oňa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Ony hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär! Onsoň Oňa öý gurar ýaly men kimmişim? Men bu öýi Onuň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurýaryn.


Emma Hudaý ýerde ynsanlaryň arasynda mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!


Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?!


Emma Isa olara: «Bu ähli zatlary görýäňizmi? Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.


Atam Ikimiz birdiris» diýip jogap berdi.


Eger Hudaý Ynsan Ogly arkaly şöhratlanan bolsa, Ony hem Öz şöhratyna şärik eder. Hawa, Ony şol pursadyň özünde şöhratlandyrar.


Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, zenan, Maňa ynan, şeýle bir wagt geler, şonda Ata Hudaýa ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz.


Emma şeýle bir wagt geler, hakyky sežde edýänler Ata ruhda we hakykatda sežde ederler. Ol wagt eýýäm geldi! Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar.


Çünki Hudaý doly kämilliginiň Isada ornaşmagyny makul bildi.


Çünki Hudaýyň doly kämilligi bir beden kimin Mesihde ýaşaýar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


şeýle diýdi: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Sen häzir bar, geçmişde-de bolduň. Biz Saňa şükür edýäris. Çünki Sen beýik gudratyňa beslenip, şalyk sürüp başladyň.


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.


Bular alamatlar görkezip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular Hökmürowan Hudaýyň beýik gününde boljak söweş üçin bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýarlar.


Men gurbanlyk sypasyndan bir sesiň: «Hawa, Reb Hökmürowan Hudaý, Seniň hökümleriň hakdyr, adyldyr» diýip jogap berenini eşitdim.


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.


Onsoň men damagy çalnan guza meňzeýän bir Guzyny gördüm. Guzy tagtyň ortasynda, dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda durdy. Guzynyň ýedi şahy bilen ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr.


Şoňa görä, olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, gije-gündiz Onuň ybadathanasynda Oňa hyzmat edýärler. Tagtda Oturan olary Öz penasynda saklaýar.


Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan