Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 21:12 - Mukaddes Kitap

12 Şäheriň uly we belent diwarlary, on iki derwezesi bardy. Her derwezäniň agzynda bir perişde bardy. Derwezelere ysraýyl halkynyň on iki tiresiniň ady ýazylgydy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Шәхериң улы ве белент диварлары, он ики дервезеси барды. Хер дервезәниң агзында бир перишде барды. Дервезелере ысрайыл халкының он ики тиресиниң ады язылгыды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 21:12
21 Iomraidhean Croise  

Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy.


Biz gullardyrys, emma Hudaýymyz bizi gulçulykda terk etmän, gaýtam Pars patyşalarynyň huzurynda bize Özüniň merhemetini eçildi. Hudaýymyzyň öýüni gurup, onuň ýykylan ýerlerini dikelder ýaly, bize täze durmuş berdi. Ol Ýahudada we Iýerusalimde bize pena berdi.


Iýerusalim diwary Hudaýa bagyş edilende, lewileri Iýerusalime getirjek bolup, ähli ýerlerden gözlediler. Lewiler şatlyk, şükürlerdir we aýdymlar bilen kimwallar, arfalar we liralar bilen Iýerusalim diwarynyň bagyş ediliş dabarasyny bellemek üçin gerekdi.


Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn.


Küňreleriňi lagyldan, derwezeleriňi jöwherden, gymmatbaha daşlardan ederin diwarlaryňy.


Ýurduňda mundan beýläk zorluk, serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz; Hudaý halas edýär, alkyş bolsun Hudaýa.


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


Men size şuny aýdýaryn: toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».


Bir gün wagty dolup, gedaý ölýär. Perişdeler ony Ybraýymyň ýanyna äkidýärler. Soňra baý hem ölýär we jaýlanýar.


Hakykatda, halkymyzyň on iki tiresi gije-gündiz Hudaýa çyn ýürekden sežde edip, bu wadanyň berjaý bolmagyna umyt baglapdyr. Eý, şahym, ýahudylar bolsa şu umyt üçin meni aýyplaýarlar.


Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.


Gündogarda üç derweze, demirgazykda üç derweze, günortada üç derweze, günbatarda üç derweze bardy.


Meniň bilen gepleşen perişdäniň elinde şäheri, onuň derwezelerini we diwaryny ölçär ýaly altyndan ölçeg taýagy bardy.


Şäheriň derwezeleri uzakly gün açyk bolar, olar gulplanmaz, sebäbi ol ýerde gije bolmaz.


Öz lybaslaryny ýuwýanlar bagtlydyr! Olaryň ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge, şäher derwezesinden girmäge haklary bardyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan