Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 21:11 - Mukaddes Kitap

11 Ol Hudaýyň şan-şöhratyndan dolup, bir juda gymmatbaha daş ýaly, buldurap duran ýaşma daşy ýaly parlaýardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Ол Худайың шан-шөхратындан долуп, бир җуда гымматбаха даш ялы, булдурап дуран яшма дашы ялы парлаярды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 21:11
17 Iomraidhean Croise  

Ne altyn, ne-de göwher oňa taý geler, ony sap altyn gaplara çalşyp bolmaz.


Soňra Reb Sion dagynyň her ýanyny, ol ýerde toplananlaryň üstüni gündizine bulut we tüsse bilen, gijesine parlak ot ýalny bilen örter. Bütin şöhratyň üsti örtgüli bolar.


Gümmeze çalymdaş, buz ýaly ýaldyraýan gorkunç bir zat jandarlaryň kelleleriniň üstüne ýaýylypdy.


Gümmeziň depesinde ýakut görnüşli tagtyň keşbi bardy; tagtyň keşbiniň üstünde ynsan görnüşinde bir keşp bardy.


Söwdaňyň köplügi zerarly seni zulumdan doldurdylar, sen günä etdiň. Şeýlelikde, Men seni haram hökmünde Hudaýyň dagyndan aşak taşladym. Men seni, eý, goragçy kerup, otly daşlaryň arasyndan kowup ýok etdim.


Ine, gündogar tarapdan Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty geldi. Onuň sesi güýçli akýan suwlaryň şaggyldysy ýalydy. Onuň şöhratyndan ýer nur saçýardy.


Şäheriň tutuş töweregi on sekiz müň tirsek bolar. Şol günden başlap, şäheriň ady «Reb ol ýerdedir» bolar.


Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy tamamlanýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi.


Soňra perişde maňa aýna ýaly ýalpyldaýan derýany görkezdi. Bu derýada ýaşaýyş suwy akýardy. Ol Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykyp gaýdýardy.


Şäherde gije asla bolmaz. Ne çyranyň yşygy, ne-de günüň nury gerek bolar, sebäbi Reb Hudaý olara nur saçar. Olar ebedilik şalyk sürerler.


Tagtda Oturanyň keşbi ýaşma, hakyk daşlary kimin şöhle saçýardy, tagtyň töwereginde zümerret ýaly älemgoşar bardy.


Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, çüýşeden ýasalan ýaly bir deňiz bardy. Tagtyň ortasynda we töwereginde dört sany mahluk bardy. Olaryň öňi-de, arkasy-da gözlerden doludy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan