Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 21:1 - Mukaddes Kitap

1 Onsoň men bir täze gök bilen bir täze ýer gördüm. Çünki öňki gök we ýer aýrylypdy. Indi hiç bir deňiz hem ýokdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Онсоң мен бир тәзе гөк билен бир тәзе ер гөрдүм. Чүнки өңки гөк ве ер айрылыпды. Инди хич бир деңиз хем ёкды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 21:1
13 Iomraidhean Croise  

Şol gün Reb gazaply, haýbatly, gudratly gylyç bilen gaçýan, towlanýan ýylan Liwýatany – deňiz aždarhasyny jezalandyrar.


Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar.


«Emma pisler tolkun atýan deňiz ýalydyr, olar asuda bolup bilmeýärler, tolkunlary laý we hapa çykarýar.


«Meniň ýaratjak täze gögümiň, täze ýerimiň gözümiň alnynda duruşlary ýaly, siziň nesilleriňiz bilen adyňyz-da şeýle bolar. Her Täze Aý baýramynda, her Sabatda ähli ynsanlar huzuryma gelip, Maňa ybadat ederler». Muny Reb aýdýandyr.


Deňizden biri-birine meňzemeýän dört sany uly jandar çykdy.


Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar.


Emma biz Hudaýyň wadasyna esaslanyp, dogrulygyň mekany bolan täze asmana we täze ýere garaşýarys.


Aždarha deňziň kenarynda durdy. Şondan soň men deňizden bir jandaryň çykyp gelýänini gördüm. Onuň on şahy we ýedi kellesi bardy. Şahlarynyň hersine bir täç geýdirilgidi, kellelerinde Hudaýa dil ýetirýän atlar ýazylgydy.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


Tagtda Oturan: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýdi. Soňra maňa: «Bulary ýaz, sebäbi bu sözler ygtybarly we çyndyr» diýdi.


Gök hem kagyz kimin düýrlenip, gözden ýitdi. Daglaryň, adalaryň ählisi öz ýerinden gozgandy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan