Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 20:9 - Mukaddes Kitap

9 Olar ýer ýüzüni gurşap aldylar, Hudaýyň halkynyň düşelgesini, Onuň söýgüli şäherini gabadylar. Emma gökden inen ot olary ýakyp kül etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Олар ер йүзүни гуршап алдылар, Худайың халкының дүшелгесини, Онуң сөйгүли шәхерини габадылар. Эмма гөкден инен от олары якып күл этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 20:9
33 Iomraidhean Croise  

Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi.


Hudaýyň adamynyň hyzmatkäri irden turup, daşary çykdy. Görse, atlar we söweş arabalary bilen gelen Siriýa goşuny galanyň daş-töweregini gabapdyr. Hyzmatkäri oňa: «Wah, jenabym, biz indi näme ederis?» diýip gygyrdy.


Dünýä giňişligine ser saldyňmy? Aýt, onda şularyň baryny bilýän bolsaň.


Olar iýmitiň islendigini ýigrendi, ölüm derwezeleriniň agzyna bardy.


Ýa Reb, meni halas eýleýän Hudaý, gije-gündiz gaşyňda dat-perýat etdim.


Hudaý ysraýyl halkyny söýýär, Ol hemişe Öz halkyna wepadar. Dünýäniň dört künjegi Hudaýymyzyň ýeňşini gördi.


Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi.


Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkym Ysraýylyň üstüne hüjüm edersiň. Eý, Gog, ahyrky günlerde Men seni Öz ýurduma hüjüm etdirerin, sen arkaly milletlere mukaddesligimi aýan edip, Özümi tanadaryn».


Gogy mergi we gylyç bilen jezalandyraryn; onuň we goşunlarynyň üstüne, ýanyndaky köp halklaryň üstüne gark ediji ýagyş we güýçli doly, ot we kükürt ýagdyraryn.


Sen ýokary göterilip, tupan ýaly bolup gelersiň; ýurdy gaplamak üçin sen we goşunlaryň, özüň bilen birlikde köp halklar bulut ýaly bolup gelerler“».


Magogyň we kenarýakalarynda howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne ot ibererin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler.


Taňry ýol açyp, halkyň öňünden gider. Gala derwezelerini ýykyp, daşary çykarlar. Patyşalary baş bolar, Reb öňlerinden ýörär.


Özgeleriň ýurtlaryny eýelejek bolup, dünýäniň çar tarapyna ýöriş edýän rehimsiz we zalym babyl milletini size garşy öjükdirerin.


Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.


Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.


Emma Lutuň Sodomdan çykan güni gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini ýok etdi.


Seniň başyňa şeýle bir günler geler: duşmanlaryň daş-töweregiňe garymlar gazyp, seni gabarlar, her ýandan gysyp-gowrarlar.


Goşunlaryň Iýerusalimi gabandygyny gören çagyňyz, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýlandygyny biliň.


Isanyň şägirtleri Ýakup bilen Ýohanna muny görüp, Ondan: «Eý, Agam! Olary ýok etmek üçin gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?» diýip soradylar.


Çünki Hudaýyňyz Reb sizi halas etmek üçin we duşmanlaryňyzy siziň eliňize bermek üçin düşelgäňiziň içine aýlanar. Şonuň üçin düşelgäňiz päk bolmalydyr, Reb araňyzda nejis zat görüp, sizden ýüz öwürmesin.


Geliň, bizem Onuň çydan kemsidilmelerine çydap, düşelgeden daşary – Onuň ýanyna gideliň,


Kimdir biri olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan çykan ot duşmanlaryny köýdürer. Olara zyýan ýetirmekçi bolan şeýle öldürilmelidir.


Bu ikinji jandar uly alamatlary görkezýärdi, hatda ynsanlaryň gözleriniň alnynda gökden ýere ot hem ýagdyrýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan