Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 20:3 - Mukaddes Kitap

3 Perişde ony dowzaha taşlady-da, gulplap, üstünden möhürledi. Ol muny müň ýyl dolýança, aždarha gaýdyp milletleri aldamasyn diýip etdi. Müň ýyldan soň ol az wagtlyk boşadylmalydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Перишде оны довзаха ташлады-да, гулплап, үстүнден мөхүрледи. Ол муны мүң йыл долянча, аждарха гайдып миллетлери алдамасын дийип этди. Мүң йылдан соң ол аз вагтлык бошадылмалыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 20:3
17 Iomraidhean Croise  

Ol perleri bilen seni basyrar; ganatlarynyň astynda pena taparsyň, Onuň wepadarlygy galkan, sowutdyr.


Bir daşy getirip, çukuryň agzynda goýdular. Danyýele degişli hiç zat üýtgedilmesin diýip, patyşa özüniň we töreleriniň möhürli ýüzügi bilen daşy möhürledi.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Olar hem esgerler bilen gidip, mazaryň agzyndaky daşy möhürlediler-de, garawul goýup, mazary gorag astynda saklatdylar.


Käbir adamlar ýoluň üstüne düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidýärler, emma ýüreklerine ekilen bu sözi şobada şeýtan alyp gidýär.


Arwah-jynlar özlerine dowzaha gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar.


Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.


Eý, söýgüli doganlar, bir zady unutmaň: Rebbiň nazarynda bir gün müň ýyl, müň ýyl bolsa bir gün ýalydyr.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.


Dünýäniň patyşalary onuň bilen zyna etdiler, ýeriň ilaty onuň zynahorlyk şerabyndan içip-içip serhoş boldy».


Seniň gören jandaryň birwagtlar bardy, ýöne indi ýok. Emma soňra ol heläk bolmazyndan öň ölüler dünýäsinden çykar. Ýer ýüzüniň ilaty, ýagny dünýä ýaradylany bäri atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklar bu jandary görenlerinde haýran galarlar, sebäbi ol birwagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler.


Soňra men gökden inip gelýän bir perişdäni gördüm. Onuň elinde dowzahyň açary bilen uly bir zynjyr bardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan