Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.
Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar.
Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.
Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.
Ýamanlykdan üstün gelen hem ak lybasa beslener. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň we Onuň perişdeleriniň huzurynda adynyň bu kitapda ýazylandygyny tassyklaryn.